Türkiye ýewreý gelmişekleriň terroryny ýazgardy we iki döwletli çözgüde howp ýetirýändigini aýtdy
Ankara artýan zorlugyň we ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagynyň parahatçylyk üçin umytlary gowşadýandygyny we palestinalylaryň hukuklaryny bozýandygyny nygtady.
Türkiye basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriýada ysraýylly gelmişekleriň artýan terroryny we bikanun ýaşaýyş jaý gurluşygyny ýazgaryp, bu ýagdaýyň dowamly parahatçylygyň umytlaryny puja çykarýandygy barada duýduryş berdi.
Türkiyäniň Daşary işler ministrligi beren beýanatynda: "Biz Günbatar Şeriýada soňky wagtlarda artýan ýewreý gelmişekleriň terroryny, bikanun ýaşaýyş jaý gurluşyklaryny şeýle hem Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan palestinalylara garşy edilýän zulumlary ýazgarýarys" diýip habar berildi.
Beýanatda Ysraýylyň anneksiýa amallarynyň we ýaşaýyş jaýlaryň gurluşyk işleriniň iki döwletli çözgüde zeper ýetirýändigi bellendi we Ankaranyň muny uzak möhletli sebitleýin durnuklylygyň esasy hasaplaýandygy bellenildi.
Ministrlik bikanyn ýagdaýda ýaşaýan ýewreý gelmişekleriň zorlugynyň palestinalylaryň esasy hukuklaryny, esasan hem olaryň ýaşamak hukugyny nyşana alýandygyny nygtady.
Beýanatda şeýle hem: “Sebitde dowamly parahatçylygyň açary bolan iki döwletli çözgüde zeper ýetirmegi maksat edinýän Ysraýylyň anneksiýa amallary we palestinalylaryň esasy hukuklaryny, esasanam ýaşamak hukugyny nyşana alýan ysraýylly gelmişekleriň terrory dessine bes edilmelidir. Bu halkara hukugy hem-de sebitiň durnuklylygy taýdan esasy talapdyr” diýip aýan edildi.