Fewral aýynda başlan ABŞ-Ysraýyl hüjümlerinde ýogalan Eýranyň ozalky dini lideri Ali Hamaneýi üçin geçirlen döwlet dabarasyna gatnaşmak maksady bilen Eýrana giden Wise-prezident Jewdet Ýlmaz, X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda Eýranyň Prezidenti Mesud Pezeşkiýan bilen duşuşandygyny mälim etdi.
Ýylmaz “Agyr günleri başdan geçiren doganlyk ýurt eýranyň halkyna uly goldaw berýäris. Türkiýe hökmünde sebitimizde durnukly parahatçylygyň we howpsuzlygyň ýola goýulmagy üçin edilýän tagallalara goşant goşmaga dowam ederis” diýdi.
Türkiýe bilen Eýranyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ykdysadyýet, söwda, energetika pudagynyň başda durmagynda ähli taraplaýyn ösdürilmegi üçin tagalla etmäge dowam etjekdiklerini nygtan Ýylmaz “Bizi kabul eden Eýranyň Prezidentine sagbolsun aýdýarys. Dini lider Ali Hamaneýiniň başda durmagynda hüjümlerde ýogalan eýranly doganlarymyza Alladan rehnet, Eýran döwletine, dost we doganlyk ýurt eýranyň halkyna ýene-de bir gezek gynanç bildirýäris we sabyr dileýäris” diýdi.




















