Görünmeýän howp: Çilimiň daşky gurşawa ýetirýän zyýany

Bu günki mowzugymyz, biziň esasy bölegimiziň tarapyndan saglyk meselesi hökmünde bilinýän, emma aslyna garalanda daşky gurşaw üçin hem uly howp salýan çilim.

By
Görünmeýän howp: Çilimiň daşky gurşawa ýetirýän zyýany / Reuters

Her bir demde adamyň bedenini zäherleýän çilim, her bir galyndysy bilen tebigaty asudalyk bilen hapalaýar.

Dünýäde ýylda tebigata taşlanýan milliardlarça çilim galyndysy ýönekeýje zyňyndy ýaly görünýän hem bolsa, aslyna garalanda iň howply plastiki galyndylardan biridir. Filterlerinde ulanylýan himikatlar topragy we suw serişdelerini hapalap, ekoulgama uzak ýyllar dowam edýän zyýanlar ýetirýär.

Köp adam parhyna barmaýan hem bolsa, şol galyndylar tebigatda onlarça ýyl eremän galýar we agyr hapalanma emele getirýär.

Üssesine mesele diňe bir çilimiň galyndysy bilen hem çäkli däl. Çilimiň tüssesiniň howada ýaýradýan uglerod okdisi, metan we azot oksidi ýaly gazlar ýapyk ýa-da açyk ýerlerde tapawut goýmazdan howany hapalap, şäherlileriň alýan howasyny zaýalaýar.

Esasanda köp ilatly ýerlerde güýçli duýulýan şol hapalanma, ähli ekoulgama zyýan ýetirýär. Gysgaça aýdylanda çilim, diňe bir saglyk meselesi däl… Howadan suwa, toprakdan jandarlaryň durmuşyna, ähli taraplaýyn planetanyň geljegine howp salýan daşky gurşaw meselesidir.

Bu görünmeýän howp barasynda Stambulyň Tehniki uniwersitetiniň Durnuklylyk bölüminiň ýolbaşçysy Dosent dr. Börte Köse Mutlu bilen söhbetdeş bolduk.

Çilimin diňe bir adamyň saglygy üçin däl, şol bir wagtda-da daşky gurşawa we howa üçin hem zyýanlydygy beýan edýän Dr.Mutlu şeýle diýýär: “Çilimiň zyýanly täsirlerini uglerodyň aýak yzy, howanyň üýtgemegi, suwuň aýak yzy we mikroplastiki hapalanma taýdan seljermek iňňän möhüm.”

Dünýäde henizem çilim çekmegiň ýaýbaňlanmaga dowam edýändigini nygtan Mutlu, görkezijilere ünsleri çekýär:

“2010-njy ýylda kesgitlenen maksatlara görä 2025-nji ýyla çenli 15 ýaşdaky we ondan ýokardaky adamlarda çilim çekmekligiň 30 göterim azaldylmagy nazarda tutulypdy. Emma global çökgünlikler-pandemiýa, howa, çaknyşyklar-şol maksady bökdedi. 95 milliona barabar adam çilim çekmegi taşlady we henizem 1,2 milliard adam çilim çekýär.”

Bu görkezijiler hakykdandan hem geň galdyryjy.

Geliň indi bolsa çilimiň daşky gurşawa nähili zyýan ýetirýändigine ser salalyň… Çilim diňe bir saglyk meselesi däl, şol bir wagtda-da düýpli bir daşky gurşaw meselesi. Eýsem ol nähili bolýar?

“Çilimiň öndürilmeginden ýerlere ýetirilmegine, sarp edilmeginden zyňyndy dolanşygyna çenli ähli tapgyrlarda uglerod zyňylymy emele gelýär” diýýän Dr.Mutlu şu möhüm hususlary nygtaýar: “Temmäki önümçiliginde peýdalanylýan dökünler we oba-hojalyk maşynlary parnik gazynyň zyňylymyny artdyrýar. Çilim öndürýän desgalaryň sarp edýän energiýasy şol ýüki hasam agyrlaşdyrýar. Bir sany çilim çekilende emele gelýän tüsse, ýanmak arkaly uglerod oksidiniň zyňylmagyna sebäp bolýar.”

İne esasy mesele: “Dünýäde sarp edilýän milliardlarça çilim, aslyna garalanda global uglerod aýak yzynyň görünmeýän emma esasy bölegini emele getirýär.”

Çilimiň tüssesi diňe ony çekýänlere we olaryň ýanyndakylara däl, atmosfera hem ýaramaz täsir ýetirýär. “Düzümindäki uglerod okdsidi, metan we azot oksidi ýaly gazlar howanyň üýtgemegine sebäp bolýan parnik gazlarydyr” diýýän Dosent Dr.Mutlu sözlerini şeýle dowam etdirýär:

“Bu gazlaryň üýşmegi netijesinde howanyň hili peselýär, ekoulgamlaryň deňgramlygyna howp salýar. Ýagny çilim diňe şahsy saglyk meselesi däl, kollektiw howa meselesidir.”

Indi bolsa iň geň galdyryjy bölüme geçeliň: Çilimiň galyndylarynyň galdyrýan toksiki miras bölümine…

Çilimiň tüssesi ýaly galyndysy hem daşky gurşawa uly zyýan ýetirýär. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň beýan etmegine görä ýylda 4,5 trillion çilim galyndysy tebigada taşlanýar.

Ýekeje minut duruň we pikirleniň…. 4,5 trillion! Bu mukdary göz öňüne getirip bilýäňizmi?

Dr.Mutlu bir çilimiň öndürilmegi üçin tohumdan hasyla, guratmakdan gaplama çenli 3-4 litre barabar suwuň sarp edilýädigini aýdýar we sözüniň üstüni ýetirýär: “Dünýäde ýylda trillionlarça çilimiň öndürilýändigi göz öňünde tutulanda, çilim senagatynyň suw aýak yzy iňňän ägirt derejelere ýetýär.”

Üssesine tebigata taşlanan çilimiň galyndylary düzümindäki nikotin, agyr metallar we toksiki himikatlar bilen suw serişdelerini hapalap, hem ekoulgama hem-de adamyň saglygyna zyýan ýetirýär.

San Diýego Uniwersitetinde bu ugurda geçirilen barlag hakykatdan hem geň galdyryjy netijeleri ýüze çykarypdyr. Ylmy barlagyň netijesine göra bir litr suwa bir sany çilimiň galyndysy taşlananda, suwdaky jandarlaryň ýarysy ölýär.

Pikir ediň; ýekeje çilimiň galyndysy… Bir litr suwda… Jandarlaryň ýarysy ölýär.

Geliň indi bolsa iň bir görünmeýän howp barada: Mikroplastikler hakynda durup geçeliň…

“Çilimiň galyndylarynyň iň bir görünmeýän we belkem iň esasy tarapy mikroplastiki täsiri” diýýän Dr.Mutlu, ony şeýle düşündirýär: “Çilimiň galyndylarynyň filterinde selýuloz asetat atlandyrylýan plastiki esasly önüm bar. Şol önüm tebigatda ýüzlerçe ýyl eremeýär.”

Filterleriň mikroplastik görnüşe gelendigini nygtaýan Dr.Mutlu, ylmy barlaglardan birini mysal getirýär: “Geçirilen ylmy barlaga görä çekilen çilimiň filteri günde 100 mikrofiber işläp çykarýar. Şol mikroplastikler, mikrofiberler wagtyň geçmegi bilen deňizlere, köllere we topraga siňýär.”

Esasy mesele: “Mikroplastikler azyk zynjyryna siňip, hem haýwanlara hem-de adamlara ýaramaz täsir ýetirýär. Şol jähtden çiilmiň galyndylary zamanamyzyň iň esasy daşky gurşaw meselelerinden biri bolan mikroplastik hapalanmanyň esasy sebäplerinden biri.”

Şu gün çilimiň görünmeýän zyýanly täsirleri hakynda söhbet etdik. Belkem hiç pikir etmedik hakykatymyz bilen tanyş bolduk. Her bir çilim galyndysy ýüzlerçe ýyl tebigatda galýar, suwy zäherleýär, mikroplastiklere öwrülýär we azyk zynjyrymyza goşulýar.

Çilim diňe bir çekýäniň meselesi däl, ählimiziň meselesi. Sebäbi şol tüsseler howamyzy, şol çilim galydylary suwumyzy, topragymyzy hapalaýar.

Göz ýetirmek özgerlişigiň birinji ädimi. Belkem indi ýerde gören çilim galyndylaryna başgaça gararsyňyz. Belkem çilimi taşlamak üçin has höwesli çemeleşersiňiz.