SYÝASAT
1 minut okamak
Hakan Fidan Eýrana guraljak harby hüjümiň hökümetiň agdarylmagyna sebäp bolmajakdygyny aýtdy
Ankara sebitara söweşiň öňüni almak üçin tagalla etmäge dowam edýär.
Hakan Fidan Eýrana guraljak harby hüjümiň hökümetiň agdarylmagyna sebäp bolmajakdygyny aýtdy
Hakan Fidan Eýrana guraljak harby hüjümiň hökümetiň agdarylmagyna sebäp bolmajakdygyny aýtdy / AA

Türkiýäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan, Eýrana guraljak howa hüjüminiň hökümetiň agdarylmagyna sebäp bolmajakdygyny aýtdy.

Hakan Fidan duşenbe güni CNN Türk teleýaýlymyna beren beýannamasynda, Eýranda hökümetiň agdarylmagy maksady bilen harby hüjüm guralan halatynda, hökümetiň agdarlyp agdarylmajakdygy hakynaky soraga “Hökümeti agdaryp bilmezler” diýip jogap berdi.

Hakan Fidan “Eýranda howa hüjümi ýada başga bir hereket hökümetiň agdarylmagyna sebäp bolup bilmez”diýdi.

Ministr Fidan harby hüjümiň döwleti güýçden gaçyrjakdygyny emma hökümetiň çalylmagyna sebäp bolup bilmejekdigini sözleriniň üstüne goşdy.

Ankara diplomatik tagallalaryny dowam etdirýär

Ankara Eýran bilen ABŞ-nyň arasynda 8 aý soň anna güni Omanda gaýtadan başlan gepleşikleriň soňky tapgyrynyň öňüsyrasynda möhüm beýannama berdi.

Eýranyň daş-töweregindäki dartgynlygyň halkara gün tertibinde esasy orun eýeleýändigini nygtan Hakan Fidan, sebitiň başga bir çaknyşygyň hötdesinden gelip bilmejekdigi dogrusynda duýduryş berdi.

Daşary işler ministri Fidan “Prezidentimiz R. T. Erdogan hem bu mesele bilen ýakyndan gyzyklanýar. Söweşin öňüniň alynmagy üçin elimizden geleni ederis” diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministri Abbas Arakçiniň özüne gepleşikler hakynda maglumat berendigini aýdan Hakan Fidan, Ankaranyň ABŞ bilen mesele boýunça aragatnaşyk saklaýandygyny nygtady.

Başdan geçirilýän kynçylyklaryň gysga wagtda çözülmeginiň mümkin däldigini aýdan Fidan, taraplaryň gepleşikleriň dowam etdirilmegini isleýändigini belledi.

 

 

 

Öwren
Prezident Erdogan telefon diplomatiýasyny dowam etdirýär
Kazyýet Respublikan halk partiýasy CHP-niň geçiren gurultaýyny bes etdi
Russiýa bilen Hytaý özara gatnaşyklaryny ösdürmek üçin 20 resminama gol çekişdi
ABŞ bilen Ysraýyl Ahmedinežady häkimiýetiň başyna geçirmegi meýilleşdirdi
Pezeşkiýan Papa ugradan ýüzlenmesinde Eýranyň diplomatiýa goldaw berýändigini nygtady
Prezident Erdogan Özbegistanyň Prezidenti Mirziýoýew bilen duşuşdy
Erdogan: Hazardan geçýän Gündogar-Günbatar koridorynyň ähmiýeti gün saýyn artýar
“Eýran bilen arabaglanşykly meseleler harby taýdan çözülip bilinmez”
Tramp: “Siziň dostuňyz bolmak uly hormatdyr”
Parahatçylyk gepleşikleriniň başlamagy üçin Ukraina Donbasdan çekilmeli
Prezident Erdogan Gazagystanda saparda bolar
Tramp Wenesuelany ABŞ-nyň 51-nji ştaty hökmünde häsiýetlendirdi
Daşary işler ministri Hakan Fidan Katarda saparda bolýar
Eýranyň Nur Han howa bazasyna harby uçar ugrandygy hakyndaky habarlar asylsyz
Ben Gwir bikanun ýaşaýyş jaýlaryna sanksiýa giriznegi sebäpli ÝB-ni "antisemitizmde" günäkärleýär
Erdogan: Geosyýasy wakalar Türkiýe-ÝB gatnaşyklarynyň nähili möhümdigini görkezýär
Eýranyň Prezidenti: “Gepleşiklerden söz etmek boýun egmek manysyny aňlatmaýar”diýdi
Prezident Erdogan Al Nahaýan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Erdogan Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk etabyndaky strategik ähmiýetine ünsi çekdi
Amerikan Kongresiniň agzalary Rubiodan Ysraýylyň ýadro mümkinçiligi barada maglumat sorady