Soňky 2 ýylda Ysraýylyň tussaghanalarynda azyndan 98 palestinli ýogaldy
Adam hukuklary guramasy Ysraýylyň tussaghanalarynda ýogalan palestinli tussaglylaryň sany hakynda doly maglumatyň berilmeýändigini öňe sürdi.
Ysraýylly adam hukuklary guramasy, Ysraýylyň 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Gaza garşy başladan genosid häsiýetindäki söweşinden bäri azyndan 98 palestinliniň Ysraýylyň tussaghanalarynda ýogalandygyny habar berdi.
Adam hukuklary üçin lukmanlar-Ysraýyl guramasy tarapyndan duşenbe güni çap edilen habarnama ýer berildi.
Habarnamadaky maglumatlaryň resmi jogaplara, saglygy goraýyl işgärleriniň we tussaglylaryň beren beýannamalaryna we beýleki adam hukuklary çeşmelerine esaslanýandygy nygtaldy.
Gurama, Ysraýylyň tussaghanalaryndaky palestinli tussaglylaryň aradan çykmaklarynyň sebäbiniň gizlenýändigini we ýogalanlaryň sany hakynda anyk maglumatyň berilmeýändigi hakynda duýduryş berdi.
Gurama Ysraýyly palestinli tussaglylara zulum etmekde we degişli lukmançylyk hyzmadyny bermezlikde günäkärledi.
Guramanyň Tussaglylar we göz astyndakylar bölüminiň utgaşdyryjysy Oneg Ben Dror, tussaghanada ýogalanlaryň sanynyň şeýle köp bolmagyna olara zulum edilmeginiň we bilkastlaýyn öldürmek syýasatynyň alnyp barylmagynyň sebäp bolandygyny aýtdy.
Gurama 98 palestinliniň Ysraýylyň gözegçiligi astynda mahaly ýogalandygyny, şolardan 94-niň 2023-nji ýylyň oktýabr aýy bilen 2025-nji ýylyň awgust aýynyň aralygynda ýogalandygynyň bellige alynandygyna ünsi çekdi.
Habarnamada üstümidäki ýylyň oktýabr we noýabr aýlarynda hem palestinli 4 tussaglynyň ýogalandygyna üns çekildi.
Habarnama diňe Ysraýylyň tussaghanalarynda we göz asty merkezlerinde ýogalanlary öz içine alýar.
Tussag edilenden gysga wagt soň atylyp öldürlen 7 palestinli bolsa habarnama degişli edilmedi.
Ysraýylly resmiler bu habarnama hakynda heniz hiç hili maglumat bermedi.
Beýleki tarapdan Palestinli tussaglylar jemgyýeti Ysraýylyň gözegçiligi astynda ýogalan tussaglylaryň sanynyň 100 adamdan geçendigini mälim etdi.
Jemgyýetiň başlygy Abdullah al-Zagari, tussaghanalarda ýogalan palestinlileriň sanynyň 100 adamdan geçendigine ünsi çekdi.
Ysraýylyň harby harby goşuny 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Gaza garşy hüjüm başladypdy.
Şol hüjümlerde esasy bölegi zenanlardan we çagalardan ybarat 69 müňden gowrak adam ýogaldy, 170 müňden gowrak adam hem ýaralandy, müňlerçe adam tussag edildi.
Hüjümler 10-njy oktýabrda güýje giren ylalaşyga laýyklykda bes edildi.