Karakasda güýçli partlamalar boldy

ABŞ-nyň Prezidentiniň hüjüm guramak baradaky hemlesinden soň Karakasda güýçli partlamalar boldy.

By
Karakasda güýçli partlamalar boldy / AP

AFP-niň berýän habaryna görä, şenbe güni ýerli wagt bilen 02.00-da halkara wagt boýunça 06.00 töweregi Wenesuelanyň paýtagty Karakasda güýçli partlamalar boldy.

Partlamalaryň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Wenesuela gury ýer hüjümlerini gurap biljekdigi baradaky hemlesinden soň bolmagy ünsleri özüne çekdi.

Sagat 02.15 töweregi partlama sesleriniň eşidilendigi nygtaldy, emma partlamalaryň nirede bolandygy hakynda anyk maglumat berilmedi.

ABŞ-nyň Prezidenti Tramp, duşenbe güni beren beýannamasynda, Wenesuela degişlidigi öňe sürlen neşe gatnadýan gämileriň ABŞ tarapyndan nyşana alynandygyny mälim edipdi.

Ady agzalýan hüjümiň Wenesuela degişli ýerlere guralan ilkinji gury ýer hüjümi bolandygy nygtaldy.

Wenesuelanyň Prezidenti Nikolas Maduro duşenbe güni guralandygy öňe sürlen hüjüm hakynda hiç hili maglumat bermedi. Emma penşenbe güni beren beýannamasynda, ABŞ-nyň harby basyşyna garamazdan Waşington bilen hyzmatdaşlyk etmäge açykdygyny nygtady.

Tramyň adminstrasiýasy Madurony neşe karteliniň ýolbaşçysy bolmakda günäkärledi. Maduro bolsa bu garaýyşlary ret edýär we ABŞ-nyň dünýäniň iň uly nebit ätiýajyna eýe bolan Wenesuelada hökümeti agdarmagy maksat edinýändigini öňe sürýär.

Waşington Wenesuela howa giňişligini ýapdy we Wenesuela täze sanksiýalar goýmak bilen Karakasa edýän basyşyny artdyrdy.

ABŞ-nyň harby goşunynyň neşe gatnadýandygy öňe sürülýän gämilere garşy geçiren deňiz operasiýalarynda azyndan 107 adam ýogaldy.