Prezident Erdogan Marmara ýer titremesiniň 26-njy ýylynda ýogalan adamlary hatyralap geçdi
Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan ululygy 7,4 bal bolan 1999-njy ýyldaky ýer titremäniň 26-njy ýylynda ýogalan adamlary hatyralap geçdi we olaryň dogan garyndaşlaryna gynanç bildirdi
Prezident Rejep Taýýip Erdogan ýekşenbe güni 1999-njy ýylda başdan geçirlen Marmara ýer titremesiniň 26-njy ýylynda ýogalan adamlary hatyralady.
Prezident Erdogan: “1999-njy ýylyň 17-nji awgustynda Marmara ýer titremesinde ýogalan raýatlarymyz üçin häzirem ýüregimizdäki gam-gussalary duýýarys” diýdi.
Erdogan mundan başgada: “Ýogalan doganlarymyza rehim-şepagat dileýärin we bu uly agyrynyň 26-njy ýylynda ýakynlaryndan mahrum galan raýatlarymyza ýene-de bir gezek gynanç bildirýärin” diýdi.