Prezident Erdogan Donald Tramp bilen duşuşmak üçin Waşingtona bardy
Erdogan bilen Tramp özara söwda gatnaşyklary, maýa goýum we goranyş senagaty ýaly ugurlar boýunça pikir alyşar
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdogan, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen duşuşmak üçin Waşingtona gitdi.
Tramp, Erdogany şu gün Ak Tamda kabul eder. Kabul edilşikde özara gatnaşyklar bilen sebitara meseleler seljerler.
İki lideriň özara söwda gatnaşyklary, maýa goýum we goranyş senagaty ýaly ugurlar boýunça pikir alyşmagyna garaşylýar.
Prezident Erdogan duşuşykdan öň beren beýannamasynda “Prezident Tramp bilen geçirjek duşuşymyzyň sebitimizdäki çaknyşyklaryň we söweşleriň bes edilmegine, ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylmagyna itergi berjekdigine ynanýaryn” diýipdi.
BMG-nyň Baş Assambelýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka giden Prezident Erdogan, sişenbe güni ABŞ-nyň Prezidenti Tramp we aýaly Melania Tramp tarapyndan döwlet we hökümet baştutanlarynyň we aýallarynyň hormatyna beren naharyna gatnaşypdy.
Erdogan şol gün Tramp bilen birlikde BMG-nyň Baş Assambleýasynyň çäginde geçirlen Gaza temaly maslahata hem gatnaşdy.
Erdogan metbugata ýapyk häsiýetinde geçirlen maslahatyň netijeli geçendigini aýtdy.
Prezident Erdogan Nýu-Ýorkda Türk öýünde metbugata beren beýannamasynda, maslahatyň netijeli geçendigini belledi.
Prezident Erdogan Waşingtonda ABŞ-nyň Prezidenti resmi myhmanhanasy bolan Blair öýünde bolar.