Russiýa, Ukrainanyň Odessa portuna harby ýük daşýan bir sany gurak ýük gämisini we Odessadaky bir logistika merkezini bombalandygyny habar berdi.
Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen beýannamada rus goşunlarynyň uzakly gije uçarmansyz howa enjamlary bilen Ukrainanyň port infrastrukturasyna we ýaragly güýçleri tarapyndan ulanylanylýan gämilere hüjüm gurandygy mälim edildi.
Beýanamada Odessa sebitiniň Teplodar şäherçesinde ýerleşýän we Ukrainanyň goşuny üçin harby hem-de köpmaksatly harytlary saklamakda ulanylýan "Blum" logistika merkeziniň nyşana alnandygy aýdylýar. Şeýle hem, Odessa portuna harby ýük daşaýan gury ýük gämisiniň ýolda barýarka urlandygy habar berildi.
Ministrlik beýleki bir beýanatynda, düýn ýerli wagt bilen sagat 20:00-dan şu gün irden sagat 08:00-a çenli Russiýanyň howa goranyş ulgamlarynyň paýtagt Moskwada we onuň etraplarynda Ukrainanyň 644 sany dronunt ýok edendigini habar berdi.
Moskwanyň şäher häkimi Sergeý Sobýanin sosial media arkaly beren beýannamasynda düýn agşamdan şu gün irdene çenli Moskwa tarap uçurylan 94 sany dronyň howa goranyş ulgamlary tarapyndan urup düşürilendigini aýtdy. Ol şeýle hem, dronlaryň galyndylarynyň düşen ýerlerinde häzirki wagtda tiz kömek toparlarynyň işleýändigini mälim etdi. Russiýanyň Federal howa gatnawy gullugynyň (Rosawiasiýa) habar bermegine görä, dron hüjümleri sebäpli gije ýurduň dürli şäherlerinde, esasanam paýtagt Moskwa şäherindäki howa menzillerinde we Sankt-Peterburgdaky Pulkowo howa menzilinde uçuşlara wagtlaýyn çäklendirmeler girizildi.



















