Tramp “NATO-nyň geljegi erbet bolar” diýdi
Donald Tramp, ABŞ-nyň Russiýa garşy söweşde Ukraina kömek edişi ýaly ýaranlarynyň hem Ormuz bogazy meselesinde özlerine kömek etmegine garaşýandyklaryny aýtdy.
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, ýaranlarynyň Eýran tarapyndan ýapylan we nebit eksportunda uly rol oýnaýan Ormuz bogazynyň açylmagyna kömek etmän halatynda netijesiniň NATO üçin erbet boljakdygyny aýtdy.
Ýekşenbe güni “Finansial Taýmes” gazetine beýannama beren Tramp, ABŞ-nyň Russiýa bilen söweşde Ukraina kömek edişi ýaly, dünýäniň energetika bazarynda nyrhlaryň ýokarlamagyna sebäp bolan Ormuz bogazy meslesinde hem Ýewropadan kömege garaşýandyklaryny aýtdy.
ABŞ-nyň NATO ähli taraplaýyn kömek berýändigini aýdan Tramp, “Hiç hili jogap berilmän, ýada jogabyň netijesi oňaýsyz bolan halatynda bu NATO-nyň geljegi taýdan erbet bolar” diýdi.
ABŞ-nyň Prezidenti Tramp, “Bogazdan peýdalanýanlaryň onuň gysga wagtda açylmagy üçin tagalla etmekleri ýerlikli bolar” diýip belledi.
Eýran bilen gepleşikler
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Ormuz bogazynyň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi meselesinde 7 ýurt bilen gepleşik geçirýändiklerini we Waşingtonyň Eýran bilen hem aragatnaşyk saklaýandygyny aýtdy.
Tramp Tähranyň çaknyşyklaryň bes edilmegi üçin içgin gepleşik geçirmäge taýardygyna şübheli garaýandygyny nygtady.
ABŞ bilen Ysraýylyň 28-nji fewraldan bäri Eýrana garşy guraýan hüjümleri sebäpli başlan söweşiň näçe wagt dowam etjekdigi näbelli bolmagynda galýar.
Söweş soňky 2 hepdeden bäri çig nebitiň nyrhynyň ýokarlamagyna sebäp boldy.
Ýekşenbe güni halkara bazarlarda Brentiň barrel bahasy 2,9 göterim artyp 106,11 dollara çenli baryp ýetdi.