SYÝASAT
1 minut okamak
Azerbaýjan Günorta Kawkazda dartgynlyga sebäp bolýan Fransiýa garşylyk görkezdi
Azerbaýjan, Fransiýanyň Ermenistana ýarag bermek bilen sebitara durnuksyzlyga sebäp bolýandygyny öňe sürýär.
Azerbaýjan Günorta Kawkazda dartgynlyga sebäp bolýan Fransiýa garşylyk görkezdi
Azerbaýjan Günorta Kawkazda dartgynlyga sebäp bolýan Fransiýa garşylyk görkezdi / TRT World

Azerbaýjan,  Fransiýanyň Daşary işler ministriniň beren beýannamasyndan soň, Fransiýany Günorta Kawkazdaky dartgynlyklar baradaky tutumy sebäpli iki ýüzli çemeleşmekde günäkärledi.

Günüň irki sagatlarynda Žan-Noel Barro, Luksemburgda geçirlen ÝB-ne agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleri geňeşiniň maslahatynyň öňüsyrasynda metbugata beren beýannamasynda, resmi Parižiň Azerbaýjan-Ermenistan serhedinde dartgynlygyň ýokarlamagyna alada bildirýändigini nygtady. Fransiýanyň Daşary işler ministri ÝB-niň sebitdäki dartgynlygyň gözegçilik astyna alynmagy üçin tagalla etjekdigine ynanýandygyny belledi.

Barro, iki ýurduň arasynda parahatçylyk şertnamasynyň baglaşylmagy we “keýfi tussag edilşikler” hökmünde häsiýetlendiren adamlarynyň boşadylmagy üçin çagyryş berdi.

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Aýhan Hajizade, X sosial media platformasyndan beren habarnamasynda, Fransiýanyň Ýerewana ýarag bermeginiň we “uzak wagtdan bäri Azerbaýjana garşy alyp barýan tutumynyň” Barronyň sebitara dartgynlyklara baradaky aladasyna gapma-garşydygyny nygtady.

“Bu tutum Fransiýanyň iki ýüzli çemeleşmesini açyk-aýdyň görkezýär” diýen Hajizade, parahatçylyk şertnamasynyň baglaşylmagy we sebitde yzygiderli parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin esasy meseleleriň seljerilmelidigini belledi.

Hajizade, Ermenistanyň konstitusiýasyndan Azerbaýjana garşy territorial talaplaryň çykarylmagynyň bu meselede diýseň möhümdigini nygtady.

 

 

 

ÇEŞME:TRT Global
Öwren
Ministr Fidan Saud Arabystanly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Eýran: “Netanýahu tussaghana girmezlik üçin ABŞ-ny täze urşa tarap çekýär”
Tramp Ukrainanyň Russiýada ýangyç zawodlaryny nyşana almagyny tankyt etdi
Hakan Fidan YHG-nyň Daşary işler ministrleriniň Bagdatda geçiriljek maslahatyna gatnaşar
Türkiýe bilen birlikde 19 ýurt Kolumbiýanyň Ysraýyldaky ilçihanasyny Ierusalime göçürmegini ýazgardy
Ukraina: "Zelenskiý Putin bilen prezident Erdoganyň töwellaçylyk etmegınde  duşuşyp biler"
HOK  Olimpiýa oýunlarynyň  2036-njy ýylda  ýerini saýlamak boýunça meýilnamasyny yglan etdi
Prezident Erdogan Stambulyň azat edilmeginiň 103 ýyllygyny gutlady
Ukraina 650 dron bilen Moskwa hüjüm gurady
Eýran: “ABŞ bilen gepleşik geçirmegiň manysy ýok”
Prezident Erdogan Türki döwletleriniň hyzmatdaşlyk güni mynasibetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi
Eýran: Rutte, Ýewropanyň Eýran söweşindäki rolyny boýun aldy
“Eýran indi ABŞ-na ynanmaýar”
Netanýahunyň BMG-däki çykyşy başlan badyna 70 ýurduň wekili zaly terk etdi
ABŞ-nyň Prezidenti Tramp Hytaýly kärdeşini howa menzilinde garşylady
Türkiýe, Siriýa we Saud Arabystany duşuşygy Nýu-Ýorkda geçirildi
Makron: “Gazadaky ýagdaý biziň üçin utandyryjy”
Prezident Erdogan Nýu-Ýorkda özara duşuşyklar geçirdi
Tramp:Gaza milliardlarça dollarlyk kömek berler
Prezident Erdoganyň BMG-däki çykyşy sanly platformalaryň gün tertibine öwrüldi