DÜNÝÄ
2 minut okamak
Tramp Erdogana Gaza ýaraşygyny ýola goýmak ugrundaky tagallalary üçin minnetdarlyk bildirdi
ABŞ-nyň Prezidenti Tramp, Türkiye Respublikasynyň Prezidenti Erdoganyň “özlerini asla lapykaçlige sezewar etmändigini” aýdyp, ony “ajaýyp” diýip häsýetlendirdi we uzak wagtdan bäri dowam edip gelýän dostluklary üçin minnetdarlyk bildirdi.
Tramp Erdogana Gaza ýaraşygyny ýola goýmak ugrundaky tagallalary üçin minnetdarlyk bildirdi
Tramp we Erdogan
14 Oktýabr 2025

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Gaza ýaraşygyny ýola goýmak ugrundaky tagallalary üçin Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogana minnetdarlyk bildirdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp duşenbe güni Şarm al-Şeýhde geçirlen gol çekişlik dabarasynda çep tarapynda Erdogan, sag tarapynda Müsür we Kataryň ýolbaşçylary oturmaklaryna garamazdan: "Türkiye diýilýän ýerden gelen bu jenap adamyň hakykatdanam dünýäde iň güýçli goşunlarynyň birine eýedigini aýtmalydyryn. Hatda şol güýç, onuň aýdýanyndan hem has köp” diýip belledi.

Ol kyn bir adam, ýöne ol meniň dostum we maňa gerek wagty hemişe meniň ýanymda boldy. Şonuň üçin Türkiyäniň prezidenti Erdogana sag bolsun aýdasym gelýär" diýip bellän Tramp Erdoganyň "özlerini asla ýary ýolda taşlamandygyny" belläp, ony "ajaýyp" adam hökmünde häsýetlendirdi we uzak wagtdan bäri dowam edip gelýän dostluklary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Gazanyň ýaraşyk şertnamasy

Gaza ýaraşyk şertnamasynyň birinji tapgyry, Trampyň iki ýyllyk Ysraýyl-Gaza söweşini bes etmek meýilnamasynyň çäginde anna güni güýje giripdi.

Duşenbe güni irden Hamas bilen Ysraýylyň arasynda tussag alyş-çalşygy amala aşyryldy. Palestinaly ýüzlerçe tussagly Ysraýylyň meşhur Ofer harby tussaghanasyndan we Negew çölündäki beýleki tussaghanalardan boşadyldy. Olaryň deregine bolsa diri ýagdaýda bolan ysraýylly 20 zamun boşadyldy.

Tramp ýesirlikde ölen zamun alnanlaryň jesetlerini tapmak üçin tagallalaryň edilýändigini belläp: "Nirededigini bilýärler, meniň pikirimçe şu wagt bäş ýa-da alty adam tapyldy" diýdi.

Tramp: "Olar jesetleri gözleýärler. Sebitleri bilýärler we şol ýerlerde gözleg toparlary bar. Ysraýyl bilen hyzmatdaşlykda işleýärler we örän köp jeset taparlar" diýdi.

2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri Ysraýylyň hüjümleri sebäpli Gazada aglabasy zenanlardan we çagalardan ybarat bolmak bilen 67800-den gowrak palestinaly ýogaldy we sebit umuman alnanda ýaşap bolmajak ýagdaýa geldi.

Öwren
Kolumbiýa Karibdäki dartgynlyk sebäpli ABŞ bilen aňtaw maglumatlaryny paýlaşmagy bes etmegi buýurdy
Ukraina bilen Russiýa ýesir çalşygy boýunça Stambulda gepleşik geçirýär
Onlarça ýyl tussaglykda bolan Hannibal Kaddafi kepillik bilen boşadyldy
Ysraýyl bilen gatnaşyklaryň kadalaşdyrylmagy häzirlikçe mümkin däl
Yrakda parlament saýlawy geçirilýär
Ysraýyl tarapyndan Liwana guralan hüjümde 1 adam ýogaldy
Ysraýyl ýaraşyk ylalaşygyna garamazdan, Gazadaky palestinalylaryň öýlerini ýumurdy we Han Ýunusa hüj
Ysraýylyň Ofer tussaghanasynda tussaglylar "betbagtçylykly" derejede rehimsizlige duçar bolýarlar
ABŞ-da hökümetiň ýapylmagy uçar saparlaryny bökdeýär
Al Şara Halkara pul gaznasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Wengriýanyň premýer-ministri Waşington bilen “maliýe galkany” ylalaşygyny baglaşandyklaryny aýtdy
Hamas Gazanyň Rafah şäherindäki çaknyşyklar üçin Ysraýyly aýyplaýar: "Biz boýun egmeris"
Lawrow Ukraina meselesi boýunça Rubio bilen ýüzbe-ýüz duşuşmaga taýýar
Şara Tramp bilen duşuşmak üçin ABŞ-a gitdi
ABŞ Günorta Afrikada geçiriljek G-20 sammitine gatnaşmaz
BMG: “Ysraýyl Gaza ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegini bökdemäge dowam edýär”
Türkiýe Netanýahu bilen birlikde 36 adamyň tussag edilmegi barada karar kabul etdi
Şwesiýa bilen Ukraina goranmak senagaty boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk eder
Eýranyň prezidenti ýagyş ýagmasa, Tähranyň ilatynyň ewakuasiýa mejbur boljakdygyny aýtdy
Siriýanyň Prezidenti we Içeri işler ministri BMG-nyň sanksiýa sanawyndan çykaryldy