Sudanly lukmanlar torynyň duşenbe güni ir ertir beren beýannamasyna görä, RSF güýçleri ýekşenbe güni uçarmansyz howa ulagy bilen guran hüjüminde Sudanyň günorta gündogarynda ýerleşýän Sennar welaýatyndaky Al Mazmum hassahanasyny nyşana aldy. Hüjümde 3 adam ýogaldy, 7 adam hem ýaralandy.
Beýannamada, halkara hukugynyň hassahanalaryň nyşana alynmagyny, lukmançylyk merkezlerine we saglygy goraýyş işgärlerine hüjümiň guralmagyny gadagan edýändigi ýatladyldy.
Beýannamada RSF-niň halkara hukuk kadalaryny bozmaga dowam edýändigi bellenildi.
Sudanly lukmanlar tory tarapyndan berlen beýannamada, hassahananyň nyşana alynmagyndan RSF-niň jogapkärdigi nygtaldy.
RSF güýçleri tarapyndan mesele hakynda heniz hiç hili beýannama berilmedi.
Sudanly ýolbaşçylar bilen adam hukuklaryny goraýjy toparlar ozal hem RSF-ni jemgyýetçilik desganalaryny nyşana almakda günäkärläpdi.
Paramilitar güýç şol günäkärlemelere hiç hili jogap bermedi we “asuda ilaty goramaga çalyşýandygyny” mälim etdi.
Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy 10-njy fewralda beren beýannamasynda, üstümizdäki aýyň birinji hepdesinde Günorta Kordofan sebitinde üç saglygy goraýyş merkeziniň nyşana alynmagyndan soň Sudanyň saglygy goraýyş ulgamyna uly howpuň abanýandygy barada duýduryş beripdi.
Sudanyň harby goşuny bilen RSF-niň arasynda dowam edýän çaknyşyklar sebäpli 2025-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri Demirgazyk, Günbatar we Günorta Kordofan sebitinde güýçli çaknyşyklar bolýar.
RSF bilen Sudanyň harby goşunynyň arasyndaky düşnüşmezlik sebäpli 2023-nji ýylyň aprel aýynda başlan çaknyşyklar dowam edýär.
Çaknyşyklar dünýäniň iň uly açlyk krizislerinden birine sebäp boldy. Çaknyşyklar sebäpli onmüňlerçe adam ýogaldy, 13 million adam hem ýaşaýan ýerini terk etdi.









