DÜNÝÄ
1 minut okamak
Russiýanyň Noworossiýsk şäherinde benziniň gutarandygy habar berildi
Paýtagt Moskwa we San Peterburg şäherleri bilen birlikde 40-dan gowrak sebitde ýangyjyň satuwy çäklendirildi.
Russiýanyň Noworossiýsk şäherinde benziniň gutarandygy habar berildi
Russiýanyň Noworossiýsk şäherinde benziniň gutarandygy habar berildi

Russiýanyň Noworossiýsk şäherindäki ýangyç beketlerinde benziniň gutarandygy we ýangyç satuwynyň bes edilendigi habar berildi.

Şäher häkimliginden berlen beýannamada, şäherdäki beketlerde benziniň gutarandygy, dizel ýangyjynyň bolsa 8 beketde çäkli mukdarda satyljakdygy nygtaldy.

Beýannamada, ulaglara diňe ýangyç kartoçkasy bilen ýangyjyň berilýändigi we bu mümkinçilikden diňe kärhanalara degişli ulaglaryň peýdalanyp bilinjekdigi ýatladyldy.

Ukrainanyň Russiýanyň nebit pudagyna guraýan hüjümleri sebäpli ýurtda ýangyç ýetmezçiliginiň başdan geçirilýändigi we rus hökümetiniň ýangyç bazarynda durnuklylygyň ýola goýulmagy maksady bilen ýangyjyň satuwyny we eksportyny çäklendirendigi habar berildi.

Beýleki tarapdan Paýtagt Moskwa we San Peterburg şäherleri bilen birlikde 40-dan gowrak sebitde ýangyjyň satuwy çäklendirildi.