SYÝASAT
1 minut okamak
Erdogan Türkiýäniň Gazada yzygyderli parahatçylyga goldaw berýändigini aýtdy
Prezident R. T. Erdogan, Türkiýäniň Hamas-Ysraýyl ylalaşygynyň dowam etmegi we yzygiderli parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin tagalla edýändigini aýtdy.
Erdogan Türkiýäniň Gazada yzygyderli parahatçylyga goldaw berýändigini aýtdy
Erdogan Türkiýäniň Gazada yzygyderli parahatçylyga goldaw berýändigini aýtdy / AA
17 Oktýabr 2025

Türkiýe Respbulikasynyň Prezidenti R. T. Erdogan, Gazanyň gysga wagtda gaýtadan dikeldilmeginiň möhümdigini nygtady we Türkiýäniň Hamas-Ysraýyl ylalaşygynyň dowam etmegi we yzygiderli parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin tagalla edýändigini aýtdy.

Anna güni Stambul şäherinde geçirlen 5-nji Türkiýe-Afrika işewürler we ykdysadyýet forumynda çykyş eden Erdogan “Ysraýyla ynanmaýarys, Gazanyň gaýtadan dikeldiş etaby gysga wagtda başlamaly”diýdi.

Erdogan, Türkiýäniň ylalaşygyň dowam etmegi we yzygiderli parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin tagalla edýändigini belledi.

Sudanda akýan gan durmaly

Sudanda dowam edýän krizis hakynda hem durup geçen Erdogan, çaknyşyklara uly alada bildirýändigini, gysga wagtda ylalaşygyň gazanylmagyny we parahatçylygyň ýola goýulmagyny umyd edýändigini nygtady.

Halkara jemgyýetçiliniň Sudanda başdan geçirilýän soňky wakalar bilen gyzyklanmaýandygyny aýdan Erdogan “Akýan ganyň durmagy her bir adamyň adamkärçilik wezipesidir”diýdi.

Erdogan “Gynansakda Günbatarly ýurtlar, Afrikadaky içerki uruşlar, çaknyşyklar we düşnüşmezlikler bilen gyzyklanmaýar. Çaknyşyklary materiň ykbaly hökmünde görýär” diýip belledi.

2023-nji ýylyň aprel aýyndan bäri Sudanyň harby goşuny bilen RSF güýçleriniň arasynda dowam edýän çaknyşyklarda BMG-na we ýerli ýolbaşçylara görä 20 müňden gowrak adam ýogaldy, 15 million adam öýüni terk etdi.

ABŞ-nyň ýokary okuw jaýlarynyň geçiren barlaryna görä, çaknyşyklarda 130 müňe golaý adam ýogaldy.

 

 

 

Öwren
BMG ABŞ-nyň Kuba goýan nebit embargosyna alada bildirýär
Türkiýe DKTR bilen täze ykdysady hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşar
Gresiýanyň Premýer-ministri Türkiýede saparda bolar
Hakan Fidan Eýrana guraljak harby hüjümiň hökümetiň agdarylmagyna sebäp bolmajakdygyny aýtdy
ABŞ Gaza parahatçylyk sammitini geçirer
Daşary işler ministri Hakan Fidan, ÝB-niň Giňelmekden jogapkär ýokary wekili bilen duşuşdy
6-njy fewralda başdan geçirlen ýer titremesinden soň gaýtadan dikeldiş işleri dowam edýär
Türkiýe ABŞ-Eýran söweşiniň öňüniň alynmagy üçin diplomatiýany ileri tutýar
Türkiýe bilen Saud Arabystany KAAN harby uçarlaryna birlikde maýa goýar
MHG-nyň maglumatçysy Jeffri Epşteýniň Ysraýylyň içalysy bolandygyna "ynanýar
Pakistan bilen Gazagystan özara gatnaşyklaryny ösdürmek üçin 37 şertnama baglaşdy
Türkiýe Sudanyň bitewilige we özygtyýarlygyna goldaw berýär
Ysraýyl ABŞ-nyň Eýrana hüjüm guramagyny isleýär, emma Tramp egilşiksiz diplomatiýany ileri tutýar
Putin Eýranyň Milli howpsuzlyk gullugynyň başlygyny kabul etdi
Türkiýe ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky dartgynlygyň ortadan aýrylmagy üçin töwellaçylyk etmäge taýar
Umumy türk elipbiýi meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy
ÝB-niň Eýranyň Ynkylap goragçylaryny “terror guramalarynyň” sanawyna almagyna garaşylýar
Siriýanyň Prezidenti Ahmed Şara Moskwa ikinji saparyny guraýar
Türkiýe bilen Nigeriýa özara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak isleýär
Daşary işler ministri Hakan Fidan Hamasly wekiliýet bilen duşuşdy