SYÝASAT
1 minut okamak
Netanýahu Gaza ylalaşygynyň ikinji tapgyrynyň öňüsyrasynda Tramp bilen duşuşar
Ysraýyl 10-njy oktýabrda gazanylan Gaza ylalaşygyndan soň hüjümlerini azalandygyna garamazdan dowam etdirýär
Netanýahu Gaza ylalaşygynyň ikinji tapgyrynyň öňüsyrasynda Tramp bilen duşuşar
Netanýahu Gaza ylalaşygynyň ikinji tapgyrynyň öňüsyrasynda Tramp bilen duşuşar / Reuters

Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamyn Netanýahu öňümizdäki günlerde ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen duşuşjakdygyny aýtdy.

Netanýahu ABŞ-nyň Prezidentiniň gaza meýilnamasynyň ýakynda ikinji tapgyryna geçiljekdigini belledi.

Netanýahu ýekşenbe güni Germaniýanyň Federal Kansleri Merz bilen birlikde metbugata beren beýannamasynda Tramp bilen geçirjek duşuşygynda parahatçylyk mümkinçilikleri we Hamasyň häkimiýetden çetleşdirilmegi meselesiniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny nygtady.

Sebitde iki ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän söweşiň bes edilmegi üçin ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp tarapyndan taýarlanan meýilnamanyň ikinji tapgyryna geçilmegi üçin gepleşikler dowam edýär.

Meýilnama ysraýylly ýesirleriň boşadylmagyny,  Gaza halkara howpsuzlyk güýjiniň ornaşdyrylmagyny we wagtlaýyn teknokrat Palestin hökümetiniň gurulmagyny öz içine alýar.

Netanýahu oktýabr aýynyň ahyrynda beren beýannamasynda Gaza meýilnamasynyň ikinji tapgyryna geçilmegi üçin gepleşik geçirjekdiklerini aýdypdy.

Ysraýylyň hüjümleri 10-njy oktýabrda güýje giren Gaza ylalaşygy bilen birlikde azaldy emma dolulygyna bes edilmedi.

Hamas ylalaşygyň çäginde 2 müň palestinli tussaglygynyň boşadylmagynyň öwezinde ysraýylly 20 ýesiri we 27 ýesiriň hem jesedini yzyna berdi. Ysraýylly 1 ýesiriň jesedi bolan henizem Gazada.

Hamas Ysraýylyň harby goşunyň basyp alyşlygynyň bes edilmegi şerti bilen Gazadaky ýaraglaryny sebiti gönükdirjek palestin hökümetine tabşyrmaga taýardygyny aýdypdy.

 

 

Öwren
Prezident Erdogan Wladimir Putin bilen duşuşdy
“Türkiýe dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin tagalla edýär"
Ministrler Fidan bilen Güler, Pakistanyň Daşary işler ministri Dar bilen Bişkege gidýär
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Liderler sammiti Bişkekde öz işine başlady
Prezident Erdogan Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew bilen duşuşdy
Prezident Erdogan Bişkege bardy
Tramp “Men ABŞ-nyň Prezidenti bolmadyk bolsadym Ysraýyl ýok bolardy”
Eýran Ormuz bogazynda ABŞ-na degişli MQ-9 kysymly drony urup düşürendigini habar berdi
Ukraina Samara sebitindäki senagat desgasyna we Ozon onlaýn söwda ammaryna hüjüm gurady
Eýranyň Baş ştabynyň başlygy: “Duşmanyň täze howplaryna degişli gaýtawuly görkezeris”
BMG-nyň Baş sekretary Russiýanyň Ukraina guran hüjümlerini berk ýazgardy
Daşary işler ministri Hakan Fidan kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Ysraýyl 2 ýyl soň ahyry 5 ýaşyndaky Hind Ražaby öldürendigini boýun aldy
Prezident Erdogan Ýaponiýanyň Premýer-ministri Takaiçi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
“ABŞ-nyň Eýrana guraýan hüjümlerine goldaw bermäň”
Eýran: “Ysraýyl ABŞ bilen gazanylan ylalaşygyň durmuşa geçirilmegini bökdeýär”
Ýaponiýa: “ABŞ bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk diýseň möhüm”
Prezident Erdogan ABŞ-nyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Tramp, ABŞ-Eýran gepleşiklerini bökdän halatynda Omany bombalamak bilen hemle atdy
Tramp: “Esasy maksadymyz Eýranyň ýadro ýaragyna eýe bolmagynyň öňüni almak”