5-nji Antalýa Diplomatiýa forumy aprel aýynyň ikinji hepdesinde geçirler
SYÝASAT
2 minut okamak
5-nji Antalýa Diplomatiýa forumy aprel aýynyň ikinji hepdesinde geçirlerTürkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň goldaw bermeginde geçiriljek foruma 150-den gowrak ýurduň döwlet we hökümet baştutatynyň gatnaşmagyna garaşylýar.
Bäşinji Antalýa Diplomatiýa Forumy aprel aýynyň ikinji ýarymynda geçiriler. [Arhiw suraty: Antalýa Diplomatiýa Forumy]

Daşary işler ministrliginden berlen beýannama görä, 5-nji Antalýa Diplomatiýa forumy ADF 2026 Jenap Prezidentimiziň goldaw bermeginde we Daşary işler ministrliginiň ýer eýeçiliginde  “Geljegi kesgitlemek-näbellilige garaşy göreşmek” mowzugy bilen 2026-njy ýylyň aprel aýynyň 17-19-y aralygynda Antalýada geçirler.

Ilkinji gezek 2021-nji ýylda geçirlen Antalýa Diplomatiýa forumy, döwlet we hökümet baştutanlaryndan alymlara, halkara guramalaryň wekillerinden işewürlere çenli giň gatnaşyjylaryň gatnaşmagynda halkara gün tertibiniň kesgitlenilmegine uly goşant goşýar.

Daşary işler ministrliginden berlen beýannama görä, foruma 150-den gowrak ýurtdan 20-ä golaý döwlet we hökümet baştutanynyň, 15 döwlet we hökümet baştutanynyň orunbasarynyň, 40-y daşary işler ministri bolmak bilen 50-den gowrak ministriň, 75-i halkara guramalaryň wekili bolmak bilen 460-a golaý ýokary derejeli ýolbaşçynyň, alymlar we talyplar bilen birlikde 5 müňe golaý myhmanyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Döwlet we hökümet baştutanlarynyň esasy bölegi Afrikadan we Ýewropadan, daşary işler ministri derejesinde gatnaşjak myhmanlaryň 40-i Afrikadan, 35-i Ýewropadan, 22-i bolsa Aziýa ýurtlaryndan.

Antalýa Diplomatiýa forumynyň çäginde 40-den gowrak oturluşygyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Daşary işler ministrliginden berlen beýannama görä, oturluşyklarda halkara ulgamdaky näbellilik we öwrülşik etaby bilen birlikde sebitara meseleler seljerler.

Syýasy wakalar, ykdysadyýet we daşky gurşaw ýaly meseleler hem forumyň gün tertibinde esasy orun eýeleýär.

Beýleki tarapdan forumyň çäginde Daşary işler ministri Hakan Fidanyň ýolbaşçylyk etmegine Balkan parahatçylyk forumynyň Daşary işler ministrleriniň 3-nji maslahatynyň, Gaza temaly 8-nji maslahatyň, Türki döwletler guramasynyň Daşary işler ministrleri geňeşiniň maslahatynyň we Türkiýe-Pakistan-Saud Arabystany-Müsür maslahatynyň geçirilmegine garaşylýar.

Forum TRT arkaly göni efirden ýaýlyma berler.

 

 

Öwren
Ysraýylda çap edilýän gazet karzly amerikalylar üçin Eýrany basyp almagy teklip etdi
Erdogan: Türkiýe Eýran-ABŞ dartgynlygynyň ortadan aýrylmagy üçin tagalla edýär
Ysraýylyň Premýer-ministri Netanýahu: “Biziň esasy wezipämiz Eýranyň hökümetini agdarmak”
Putin: Russiýa bilen Ukraina ylalaşyk gazanyp biler
Prezident Erdogan Wladimir Putin bilen duşuşdy
“Türkiýe dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin tagalla edýär"
Ministrler Fidan bilen Güler, Pakistanyň Daşary işler ministri Dar bilen Bişkege gidýär
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Liderler sammiti Bişkekde öz işine başlady
Prezident Erdogan Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew bilen duşuşdy
Prezident Erdogan Bişkege bardy
Tramp “Men ABŞ-nyň Prezidenti bolmadyk bolsadym Ysraýyl ýok bolardy”
Eýran Ormuz bogazynda ABŞ-na degişli MQ-9 kysymly drony urup düşürendigini habar berdi
Ukraina Samara sebitindäki senagat desgasyna we Ozon onlaýn söwda ammaryna hüjüm gurady
Eýranyň Baş ştabynyň başlygy: “Duşmanyň täze howplaryna degişli gaýtawuly görkezeris”
BMG-nyň Baş sekretary Russiýanyň Ukraina guran hüjümlerini berk ýazgardy
Daşary işler ministri Hakan Fidan kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Ysraýyl 2 ýyl soň ahyry 5 ýaşyndaky Hind Ražaby öldürendigini boýun aldy
Prezident Erdogan Ýaponiýanyň Premýer-ministri Takaiçi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
“ABŞ-nyň Eýrana guraýan hüjümlerine goldaw bermäň”
Eýran: “Ysraýyl ABŞ bilen gazanylan ylalaşygyň durmuşa geçirilmegini bökdeýär”