Hakan Fidan Eýranyň arka kanal diplomatiýasyna açyk bolmagynyň mümkindigini aýtdy

Daşary işler ministri Hakan Fidan Eýranyň ABŞ bilen gepleşikler dowam edýän mahaly hüjüme sezewar bolandygy üçin özüne dönüklik edilendigini duýýandygyny, ýöne onuň "pavhasly arka kanal diplomatiýasyna" açyk bolup biljekdigini pikir edýändigini aýtdy

By
Hakan Fidan Eýranyň arka kanal diplomatiýasyna açyk bolmagynyň mümkindigini aýtdy

Türkiyäniň daşary işler ministri Hakan Fidan ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gepleşikleriň häzirki wagtda togtadylandygyny, ýöne Tähranyň resmi däl diplomatik kanallara açyk bolmagynyň mümkindigine ynanýandygyny aýtdy.

Fidan sebitdäki konflikt gurşawynyň resmi diplomatiýany alyp barmagy kynlaşdyrýandygyny aýtdy.

Şenbe güni “Associated Press” habarlar agentligine beren interwýusynda Hakan Fidan: “Häzirki şertler diplomatiýa üçin gaty amatly däl” diýdi we eýranlylaryň Waşington bilen ýadro gepleşiklerini alyp barýarka hüjüm edilendikleri üçin “özüne dönüklik edilendigini duýýandygyny” habar berdi.

Fidan: "Meniň pikirimçe, olar islendik paýhasly, arka kanal diplomatiýasyna açyk" diýdi.

Daşary işler ministri Fidan sebitde dartgynlyk artýarka, Türkiyäniň ileri tutýan maksadynyň çaknyşykdan daşarda galmakdygyny hem nygtady.

"Biziň prowokasiýa edilýändigimizi we prowokasiýa edilmegimizi dowam etdirjekdigimizi bilýärin, ýöne biziň maksadymyz şu" diýip aýdan Fidan: "Biz bu uruşdan daşda durmak isleýäris" diýip beýan etdi.

Netanýahunyň ýolbaşçylygyndaky Ysraýyl öz gün tertibini öňe sürmek üçin "duşmana zerurlyk duýýar”

Fidan şeýle hem Ysraýylyň sebitdäki syýasatyny tankyt etdi we Premýer-ministr Benýamin Netanýahunyň ýolbaşçylygynda Ysraýylyň sebitleýin aktýorlary yzygiderli howp hökmünde häsiýetlendirýändigini öňe sürdi.

Daşary işler ministri Fidan: "Netanýahu häkimiýet başynda boldygy saýyn, (Ysraýyl) kimdir birini hemişe duşman hökmünde kesgitlär" diýdi.

Fidan: “Sebäbi olara bu öz gün tertibini öňe sürmek üçin gerek. Eger Türkiye bolmasa olar sebitdäki başga bir ýurdy nyşana hökmünde görkezerler” diýdi.

Fidan Ysraýyly howpsuzlyk meseleleriniň ýerine territorial maksatlaryna eýermekde aýyplady.

Fidan: “Olar howpsuzlyk däl-de, has köp territoriýa isleýärler. Olar bu pikirden ýüz öwürmedikleri saýyn, Ýakyn Gündogarda hemişe uruş bolar” diýip nygtady.