TÜRKIÝE
2 minut okamak
Türkiýe ählumumy ynsanperwerlik kömeginiň gerimini giňeldýär we 85 ýurda goldaw berýär
Türkiýe Respublikasynyň Içeri işler ministrligine degişli Adatdan daşary ýagdaýlary dolandyryş müdirligi (AFAD) Ysraýylyň hüjümlerinden zyýan çeken sebite 14 uçar we 21 gämi arkaly jemi 109 müň 332 tonna ynsanperwer kömegini ýetirdi.
Türkiýe ählumumy ynsanperwerlik kömeginiň gerimini giňeldýär we 85 ýurda goldaw berýär
AFAD tarapyndan iberilen ynsanperwer kömek ýük ulaglary Kerem Abu Salem geçelgesinden geçip, 2025-nji ýylyň 2-nji fewralynda Gazanyň Rafah şäherine baryp ýetýär. / َAA

Türkiýäniň Içeri işler ministrligine degişli Adatdan daşary ýagdaýlary dolandyryş  müdirligi (AFAD) tarapyndan utgaşdyrylýan halkara ynsanperwerlik kömek işleriniň çäklerinde häzirki wagta çenli bäş yklymdaky 85 ýurda we jemgyýete ynsanperwer kömegini ýetirdi.

AFAD betbagtçylyk diplomatiýasynyň çäginde diňe bir Türkiýäniň içinde däl, eýsem dünýäniň dürli künjeklerinde hem gözleg-halas ediş işlerini we ynsanperwer kömek işlerini dowam etdirýär.

AFAD-yň utgaşdyrmagynda Türkiýe bäş yklymdaky ýurtlara we jemgyýetlere azyk, wagtlaýyn ýaşaýyş üçin serişdeler, lukmançylyk enjamlary hem-de durmuş üçin zerur bolan esasy harytlardan başga-da, maliýe kömegini, logistika goldawyny we gözleg-halas ediş enjamlaryny iberdi.

“Anadoly” habarlar gullugynyň (AA) taýýarlan maglumatlaryna görä, Türkiýäniň iň esasy halkara ynsanperwer operasiýalarynyň biri Gazza üçin amala aşyryldy.

AFAD-yň utgaşdyrmagynda Ysraýylyň hüjümlerinden zyýan çeken sebite 14 uçar we 21 gämi arkaly jemi 109 müň 332 tonna ynsanperwerlik kömegi ýetirildi.

Bu kömegiň çäginde jemi 7,5 million ABŞ dollary möçberinde maliýe goldawy berildi. Şol serişdeleriň 7 million dollary AFAD, 500 müň dollary bolsa Türk Gyzyl Aýy tarapyndan üpjün edildi.

Owganystan üçin alnyp barylan ynsanperwerlik kömek işleriniň çäginde 25 sany “Ýagşylyk otlusy” arkaly 11 müň 739 tonna kömek ýükleri ugradyldy. Mundan başga-da, bu ýurt üçin alty ýük uçuşy amala aşyryldy.

Sudana alty gämi bilen 10 müň 206 tonna ynsanperwerlik kömegi hem-de 30 müň çadyr iberildi.

Şeýle hem Türkiýe Päkistana 9 müň 79 tonna, Somala 3 müň tonna we Liwana 730 tonna ynsanperwerlik kömegini ýetirdi.

Bangladeşe 64 müň 992 ynsanperwerlik kömek bukjasy ugradyldy. Bosniýa we Gersegowina bolsa 60 konteýner öý, ýangyç, arassaçylyk serişdeleri, generatorlar hem-de durmuş üçin zerur bolan esasy harytlar bilen üpjün edildi.

Şu güne çenli Siriýa ynsanperwerlik kömegi ýüklenen 13 müň 938 ýük ulagy ugradyldy.

Zambiýa 25 müň ABŞ dollary möçberindäki kömek serişdeleri hem-de 600 azyk bukjasy iberildi. Kongo Demokratik Respublikasyna 54 müň 70 ABŞ dollary, Burundi bolsa 60 müň ABŞ dollary möçberinde ynsanperwerlik kömegi berildi.

Türkiýäniň soňky halkara ynsanperwerlik operasiýalarynyň biri Wenesuela üçin amala aşyryldy.

Iýun aýynda bolup geçen 7,2 we 7,5 ululykdaky iki ýer titremesinden soň, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň tabşyrygy boýunça AFAD-yň utgaşdyrmagynda sebite iki harby ýük uçary bilen ynsanperwer kömegi ugradyldy.

Ugradylan kömegiň düzüminde AFAD tarapyndan üpjün edilen 275 çadyr hem-de Saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan taýýarlanan 7 tonna lukmançylyk serişdeleri bar.

Wenesuela jemi 30 tonna ynsanperwer kömegini aldy.

Ispaniýada bolup geçen güýçli sil heläkçiliginden soň hem Türkiýe göwrümi 1 müň 100 litr bolan 250 sany plastik zir-zibil konteýnerini we iki ýol arassalaýjy ulagyny iberdi.

Öwren
Türkiýe ABŞ-nyň Kipriň Grek bölegi bilen bagly karary barada beyanat berdi
GITEX AI Türkiýe, Stambul sergi merkezinde başlady
Türkiýe Husileriň Saud Arabystanyna garşy guran hüjümlerini ýazgardy
Daşary işler ministrligi Mladiç üçin jaýlama çäresiniň geçirilmegine reaksiýa bildirdi
Prezident Erdogan Milli Zenanlar Woleýbol ýygyndysyny Ýewropa Çempiony bolmagy bilen gutlady
Türk Milli zenan woleýbol ýygyndysy Ýewropada çempion boldy
Stambul howa menzili Ýewropada birinjililigi dowam etdirdi
Türkiýe we başgada ýedi ýurt Ysraýylyň palestinalylary göçürmek meýilnamasyny ýazgardy
Ankaranyň 8 aýlyk eksporty 20,7 göterim artdy
Stambulda DEAŞ bilen arabaglanşykly 1 adam täsirsiz ýagdaýa getirildi
Milli Howpsuzlyk guramasynyň başlygy Kalyn gresiýaly kärdeşi bilen duşuşdy
Woleýbolçy gyzlar ýarym finala gatnaşmaga hukuk gazandy
Stambulyň golaýynda iki söwda gämisi kakyşdy
Prezident Erdogan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sammitine gatnaşar
Prezident Erdogan 30-njy awgust Ýeňiş baýramy mynasybetli ýüzlenme çap etdi
Türkiýe Gara deňizde gämilere guralan hüjümler sebäpli Ukrainanyň ilçisini çagyrdy
Daşary işler ministrligi: Halkara jemgyýetçiligi Netanýahu hökümetiniň ýalanlaryna ynanmaýar
Ukrainanyň Ankaradaky ilçisi Daşary işler ministrligine çagyryldy
Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Keçeli Gresiýa bilen bagly beýanat berdi
Türkýäniň polat önümçiligi iýul aýynda 7 göterim artdy