DÜNÝÄ
1 minut okamak
Ukrainanyň Russiýada dökün önümçilik kärhanasyna guran hüjüminde 7 adam ýogaldy
Resmi Moskwa Smolensk etrabynda ýerleşýän önümçilik desgasyna onlarça uçarmansyz howa ulagy bilen hüjümiň guralandygyny habar berdi.
Ukrainanyň Russiýada dökün önümçilik kärhanasyna guran hüjüminde 7 adam ýogaldy
Ukrainanyň Russiýada dökün önümçilik kärhanasyna guran hüjüminde 7 adam ýogaldy / Reuters
Duş 15 Ýek

Ukrainanyň Russiýanyň günbatarynda ýerleşýän Smolensk etrabynda dökün önümçilik kärhanasyna guran hüjüminde 7 adamyň ýogalandygy, 10 adamyň ýaralanandygy habar berildi.

Önümçilik kärhanasy Ukraina serhedinden 290 kilometr alysda ýerleşýär.

Sosial mediada berlen habarlarda Ukrainanyň çarşenbe güni ir ertir uçarmansyz howa ulaglary bilen guran hüjüminden soň kärhananyň ýanandygy nygtaldy.

Etrap häkimi Wasily Anokhin Telegramdan beren habarnamasynda “Duşman azot öndürýän önümçilik kärhanasyna hüjüm gurady” diýdi.

Kärhana uly zeper ýetiren hüjüm sebäpli 7 adamyň ýogalandygy nygtaldy.

Bu hüjüm 4 ýyllyk söweşde rus senagat kärhanalaryna guralan iň uly hüjümlerden biri boldy.

Ukraina tarapyndan berlen beýannamada, partlaýjy maddalar bilen üpjün edilen azyndan 30 dronyň uçurlandygy we dronlaryň uly ýitgi çekilmegine sebäp bolandygy nygtaldy.

Resmiler hüjümden soň başlan ýangynyň gözegçilik astyna alynandygyny, howpsuzlyk sebäpli goňşy obalaryň ýaşaýjylarynyň ewakuasiýa edilmeginiň meýilleşdirilýändigini mälim etdi.

Rus köpçülikleýin habar beriş serişdeleri desganyň geçen ýylyň dekabr aýynda hem hüjüme sezewar bolandygyny habar berdi.

Asuda ilatyň nyşana alnandygy hakyndaky habarlary ret eden Ukraina bolsa mesele hakynda hiç hili garaýyş beýan etmedi.

 

 

Öwren
Ysraýylyň Günbatar Şeriýadaky zorlugy dowam edýär
Dört ýyldan soň Zelenskiý Ukraina üçin "parahatçylygy we adalaty" wada berdi
“Germaniýa Ukraina boýunça Russiýa bilen gepleşiklere açyk, ýöne egilşik etmez”
Eýranyň Yspyhan welaýatynda harby dikuçaryň heläkçilige uçramagy netijesinde 4 adam ýogaldy
Bütindünýä Banky Ukrainanyň täzeden dikeldilmeginiň çykdajylarynyň 588 milliard dollara ýetendigini
Eýran ABŞ-nyň islendik hüjümini "agressiýa hereketi" hökmünde kabul etjekdigini duýdurdy
Malaýziýanyň gündogar kenarynda 7,1 bal ululygynda ýer titremesi boldy
Eýran-ABŞ gepleşikleriniň hüjüm ähtimallygyna garamazdan penşenbe güni başlamagyna garaşylýar
Ysraýylly esgerler basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriýada bir palestinaly ýetginjegi öldürdiler
Nigeriýada terrora uly zarba uruldy
Nepalda awtobusyň derýa gaçmagy netijesinde 17 adam ýogaldy
Russiýa Ukrainanyň energiýa infrastrukturasyna hüjüm gurady
Ysraýylyň Gazadaky hüjümlerinde ýene-de iki palestinaly öldi, ençeme palestinaly ýaralandy
Nigeriýada guralan terrorçylykly hüjümde 50 adam ýogaldy
Wengriýa rus nebit eksportyny dikeldilýänçä çenli, ÝB-niň Ukraina berjek möhüm karzyny togtadar
Eýran diplomatiýany öňe sürýär, Tramp bolsa çäkli zarba urmak barada pikirlenýär
Günorta Koreýa, ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky uçar dartgynlygy sebäpli ABŞ-na nägilelik bildirdi
BMG tarapyndan taýarlanan habarnama halkara galplyk ulgamynda gynamalaryň köpelýändigini görkezýär
Eýranda harby uçar heläkçilige uçrady
Polşanyň Premýer-ministri raýatlaryna Eýrana syýahat etmezlikleri üçin duýduryş berdi