DÜNÝÄ
1 minut okamak
Ysraýyl ylalaşyga garamazdan Gazany bombalamaga dowam edýär
Ysraýylyň harby goşuny soňky gezek Rafaha, Gaza şäherine we Bureýj bosgun düşelgesine hüjüm gurady.
Ysraýyl ylalaşyga garamazdan Gazany bombalamaga dowam edýär
Ysraýyl ylalaşyga garamazdan Gazany bombalamaga dowam edýär / AP
2 Ýanwar 2026

Şaýatlaryň berýän maglumatyna görä, Ysraýylyň harby goşuny, ylalaşyga garamazdan penşenbe güni Gazada birnäçe ýere hüjüm gurady.

Şaýatlar Ysraýyla degişli harby uçarlaryň Gazanyň günortasyndaky Rafahyň gündogaryny nyşana alandygyny, harby ulaglardan ýarag sesleriniň eşidilendigini aýtdy.

Gaza şäherinde bolsa Zeýtun we Şujaiýýe etrapçalaryna bombaly hüjüm guraldy.

Ysraýylyň harby goşunynyň Bureýj bosgun düşelgesiniň gündogaryny nyşana alandygy habar berildi.

Ysraýylyň guran soňky hüjümlerinde çekilen adam pidalary hakynda heniz hiç hili maglumat berilmedi.

Nyşana alynan ýerleriň Ysraýylyň harby goşunynyň Gazada gözegçili astyndaky sebitleriň arasynda ýer alýandygy bellenildi.

Palestinliler 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri esasy bölegi zenanlardan we çagalardan ybarat 71 müňden gowrak adamyň ýogalmagyna, 171 müňden gowrak adamyň hem ýaralanmagyna sebäp bolan we 2 ýyl dowam eden hüjümleriň bes edilmegi maksady bilen gazanylan ylalaşygyň Ysraýyl tarapyndan basgylanýandygyny nygtaýar.