DÜNÝÄ
1 minut okamak
Tramp Russiýa urşy bes etmese Ukraina Tomogawk raketalaryny iberjekdiklerini aýtdy
ABŞ-nyň prezidenti, Gazanyň ýaraşyk şertnamasy bilen bagly Şarm al-Şeýh sammitiniň öňüsyrasynda Ysraýyla we Müsüre sapar guramadan ozal Ukrainanyň "Tomagawk raketalaryny" talap edendigini habar berdi.
Tramp Russiýa urşy bes etmese Ukraina Tomogawk raketalaryny iberjekdiklerini aýtdy
Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky uruş çözülmese, Tomagawk kruiz raketalaryny Ukraina iberjekdigini aýtdy.

Tramp ýekşenbe güni Gaza ýaraşyk şertnamasy bilen bagly Şarm al-Şeýh sammitine gatnaşmak maksady bilen sebit ýurtlary bolan Ysraýyla we Müsüre sapar guramadan ozal, Air Force One uçarynda metbugat işgärlerine beren beýanatynda, Ukrainanyň “Tomogawk raketalaryna eýe bolmak isleýändigini” habar berdi.

Donald Tramp Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen geçiren gepleşiklerine ünsleri çekip: "Bu barada gürleşdik, göreris" diýdi.

Prezident Tramp şeýle hem: "Dogrusyny aýtsam, Russiýa bilen gürleşmeli bolmagym mümkin. Tomagawk raketalarynyň bu tarapa gitmegini isleýärlermi? Meniň pikirimçe beýle däl. Dogrymy aýtsam, bu barada Russiýa bilen gürleşip bilerin" diýdi we Tomagawk raketalaryny "täze bir agressiýa ädimi" hökmünde häsýetlendirdi.

Tramp metbugat işgärlerine: “Serediň eger bu uruş çözülmese olara Tomogawk raketalaryny ibererin. Tomogawk ygtybarly bir ýaragdygyny, örän agressiw bir ýaragdygyny aýdyp bilerin. Dogrymy aýtsam, Russiýanyň oňa zerurlygy ýok. Eger uruş çözülmese ony edip biljekdigimizi aýdyp bilerin. Belkem etmeris, emma belkem edip bileris. Urşuň bes edilmegini isleýärin” diýdi.

Geçen hepdäniň duşenbe güni Tramp Tomagawk raketalaryny Kiýewe ibermek ýa-da ibermezlik kararyna gelmek isleýändigini aýtdy we "Olar bilen näme edýändiklerini, raketalary nirä atýandyklaryny bilmek isleýärin" diýipdi.

Öwren
Pakistan bilen Malaýziýa howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak barada ylalaşdylar
Ýaponiýada oýun merkezini oda berip 5 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan tussagly asylyp öldürildi
Siriýadan Daşary işler ministri derejesinde 19 ýyl soň Pakistana ilkinji sapar guraldy
Indoneziýada bolan 7,7 bal ululygyndaky ýer titremesinde ýogalanlaryň sany 71 adama ýetdi
Russiýanyň Ukrainanyň paýtagtyna guran hüjüminde 8 adam ýogaldy, 33 adam ýaralandy
Russiýa bilen Ukraina BAE-niň araçylygy bilen 103 tussaglyny 103 tussagla çalşdylar
Braziliýada ýük ulagy bilen awtobusyň kakyşmagy sebäpli 21 adam ýogaldy
KDR-da Ebola bilen kesellän adamlaryň sany artýar
Eýranyň Mejlisiniň Başlygy Kalibaf Yrakda saparda bolýar
Hindistanyň Günbatar Bengal welaýatynda myhmanhanada bolan ýangyn sebäpli dokuz adam ýogaldy
Hytaýyň Syçuan welaýatynda binanyň diwarynyň çökmegi netijesinde bäş adam ýogaldy
Britaniýada salmonella epidemiýasy sebäpli 1 adam ýogaldy, 207 adam bellige alyndy
Tramp Ormuz bogazyny "ABŞ-nyň territoriýasy" hökmünde görkezýän suraty paýlaşdy
“Russiýa bilen Demirgazyk Koreýa täze köp blokly dünýä ulgamyny gözleýär”
Ukrainanyň birnäçe hepde bäri rus hüjümlerine garşy “Patriot” ulanyp bilmeýändigi öňe sürüldi
Fransiýa tokaý ýangynlaryna garşy göreşine goldaw beren ýurtlara minnetdarlyk bildirdi
Filippinde mekdebe guralan ýaragly hüjümde 4 adam ýogaldy
UKMTO: “Ormuz bogazynda bir gämi nyşana alyndy”
Ysraýyl Siriýanyň Idlib welaýatyndaky Abu Zuhur harby howa menziline hüjüm gurady
Russiýanyň Ukraina guran howa hüjüminde 4 adam ýogaldy