Türkiyäniň ykdysadyýeti 3,7 % ösüş depginine ýetdi; syýahatçylyk girdejisi 50 milliard dollara ýetdi

Prezident Erdogan ykdysady ösüşe, syýahatçylyk girdejileriniň artmagyna, Afrika bilen ösýän hyzmatdaşlygyň we täze goranyş başlangyçlaryna ünsi çekdi.

By
Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan

Prezident Rejep Taýýip Erdogan çarşenbe güni Ankarada geçirilen Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň toparlaýyn mejlisinde eden çykyşynda Türkiyäniň ykdysadyýetiniň ýylyň üçünji çärýeginde ýyllyk 3,7 göterim ösüş bilen durnukly ýoluny dowam etdirýändigini, bu bolsa 21 çärýek üçin üznüksiz ösüşi alamatlandyrýandygyny we bu görkezijiniň Türkiyäni Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň (OECD) ykdysadyýetleriniň arasynda dördünji orna çykarandygyny aýtdy.

Erdogan mundan başgada syýahatçylyk girdejileriniň ýylyň ilkinji dokuz aýynda 50 milliard dollar bilen ähli döwürleriň rekordyny täzeländigini we gelenleriň sanynyň geçen ýyl bilen deňeşdirilende 1,6 göterim artandygyny aýan etdi.

Prezident şeýle hem Türkiyäniň kredit töwekgelçilik premiýasynyň (CDS) 233 baza nokada çenli aşaklandygyny, bu bolsa soňky ýedi ýylyň iň pes derejesine düşendigini mälim etdi. Erdogan noýabr aýyndaky inflýasiýanyň 0,87 göterime we esasy harytlaryň inflýasiýasynyň 18 göterime çenli berk düşmeginiň hökümetiň inflýasiýany azaltmak maksatnamasyna umyt döredýändigini aýtdy.

Afrika bilen artan söwda gatnaşyklary

Daşary gatnaşyklaryň hem üstünde durup geçen Prezident Erdogan Türkiyäniň Afrika bilen söwdasynyň ýigrimi ýylyň dowamynda 5 milliard dollardan 37 milliard dollara çenli ýokarlanandygyny we maksadyň 50 milliard dollardygyny aýtdy.

Türk kärhanalarynyň Afrika materiginde 10 milliard dollar maýa goýandygyny we jemi 97 milliard dollarlyk 2000-den gowrak taslamany tamamlandygyny belledi.

41 ýurtda 64 nokada uçuş amala aşyrýan Türk Howaýollary kärhanasy Afrika materiginde iň giň uçuş ulgamyna eýe bolan kompaniýalaryň biri hasaplanýar.

Prezident Erdogan 2026-njy ýyly diplomatiýa babatynda öwrülişik nokady diýip yglan etdi we Türkiyäniň COP31-e, NATO-nyň sammitine we Türki Döwletleriň Guramasynyň 13-nji sammitine ýer eýeçiligini etjekdigini aýtdy.

Erdogan goranmak ulgamyndaky öňegidişlikleri hem nygtap geçdi.

Prezident GYZYLALMA uçarmansyz harby uçarynyň 29-njy noýabrda geçirilen synagynyň howa nyşanasyny wizual uzaklykdan urmaga ukyply ilkinji ýaragly uçarmansyz howa ulagy (UCAV) bolandygyny we Türkiyä howa goranyşynda "strategik artykmaçlyk" berýändigini aýtdy.