Tramp: “Siziň dostuňyz bolmak uly hormatdyr”
SYÝASAT
1 minut okamak
Tramp: “Siziň dostuňyz bolmak uly hormatdyr”ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Hytaýyň döwlet Başlygy Si Szinpine “Hytaýa we alyp barýan işleriňize uly sarpa goýýaryn. Siz başarjaň lider” diýdi.
Tramp: “Siziň dostuňyz bolmak uly hormatdyr” / Reuters

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Pekinde Hytaýyň döwlet Başlygy Şi Szinpin bilen bolan duşuşygynda, ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň geljegine oňyn garaýandygyny nygtady. Tramp özara gatnaşyklaryň has-da pugtalanjakdygyny belledi.

ABŞ-nyň Prezidenti Tramp garşylama dabarasyndan soň  eden çykyşynda “Hytaýa we alyp barýan işleriňize uly sarpa goýýaryn. Siz başarjaň lider. Siziň dostuňyz bolmak uly hormatdyr” diýdi.

Hytaýyň döwlet Başlygy Szinpin hem duşuşygyň başynda, ABŞ-nyň Prezidenti Tramp bilen iki ýurdy ýakyndan gyzyklandyrýan halkara meseleler hakynda pikir alyşjakdygyny we özara gatnaşyklaryň geljegi üçin täze sahypa açmak isleýändiklerini aýtdy.

Tramp bilen Szinpin duşuşykda iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegi hakynda pikir alyşdy.

Sebitara we halkara meseleler, esasan ABŞ bilen Ysraýylyň 28-nji fewralda Eýrana garşy başladan hüjümlerinden soň Ýakyn Gündogarda başdan geçirilýän dartgynlyk hem gün tertibine getirildi.

Donald Trampyň Hytaýa guraýan saparynda Döwlet sekretary Marko Rubio, Goranmak ministri Pit Herset, Tesla we Apple ýaly amerikaly uly firmalaryň ýolbaşçylary bilen birlikde ýokary derejeli wekiliýet ýoldaşlyk edýär.

Donald Tramp prezidentliginiň birinji döwründe 2017-nji ýylda Hytaýa sapar gurapdy.