DÜNÝÄ
2 minut okamak
Ukraina: Russiýa parahatçylyk gepleşikleriniň geçirilýän mahalynda Kiýewe howa hüjümini gurady
Ukraina Maýami gepleşiklerinden soň parahatçylyk tagallalaryny dowam etdirýän mahaly, rus güýçleri irden Kiýewe howa hüjümini gurady.
Ukraina: Russiýa parahatçylyk gepleşikleriniň geçirilýän mahalynda Kiýewe howa hüjümini gurady
Russiýa Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäherine hüjüm guraýar
Duş 3 Ýek

ABŞ-nyň ýolbaşçylygynda Maýamide ýekşenbe güni geçirilen parahatçylyk gepleşikleri tamamlanandan birnäçe gün soň, Ukrainanyň harby güýçleri sişenbe güni irden Russiýanyň Kiýewe howa hüjümini başladandygyny habar berdi.

Kiýewiň harby dolanşygy Telegram hasabyndan beren beýanatynda: “Howa goranyş güýçleri paýtagtyň howa giňişligindäki howpy ortadan aýyrmak üçin iş alyp barýar” diýip belläp, halka howpyň ortadan aýrylandygy barada habarlar gelip gowuşýança çenli gaçybatalgalarda galmaklary barada duýduryş berdi.

Resmiler heniz hiç hili adam pidalary ýa-da zyýan barada maglumat bermediler we hüjümiň doly möçberi hem entek kesgitlenmedi.

Waşington Russiýanyň Ukrainadaky urşuny bes etmek üçin ylalaşygyň esasynyň bolup-bolmandygyny seljerýärkä, ABŞ-nyň resmileri hepdäniň ahyrynda Maýamide ukrain we ýewropaly wekiliýetler bilen duşuşyklar geçirdiler, şeýle hem rus wekilleri bilen aýratyn gepleşikler geçirdiler.

Uruş gepleşiklerinde oňyn alamatlar

Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiý Russiýa bilen dört ýyla golaý dowam eden urşy bes etmek maksady bilen geçirilýän gepleşikleriň "hakyky netijä gaty ýakyndygyny" beýan etdi aýtdy.

Ukrainaly diplomatlar üçin niýetlenen duşuşykda çykyş eden Zelenskiý Ukrainanyň, ABŞ-nyň we ýewropaly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen gepleşiklerde uly öňe gidişligiň gazanylandygyny belläp: "Ähli zat örän gymmatly görünýär... Bu ýerde möhüm zat, munuň biziň we ABŞ-nyň bilelikdäki işi bolmagydyr. Bu biziň hakyky netijä örän ýakyndygymyzy görkezýär" diýdi.

Ýokary derejeli resmi Rustem Umerowyň ýolbaşçylygyndaky ukrain wekiliýeti Floridada geçirilen iň soňky gepleşiklerler bilen birlikde ABŞ-nyň wekilleri bilen birnäçe duşuşyk geçirdi.

Prezident Wladimir Putiniň maýa goýum wekili, rus wekiliýetiň agzasy Kirill Dmitriýew hem şol ýerde ABŞ-nyň resmileri bilen aýry-aýry duşuşyklar geçirdi.

Ukrainadaky we Russiýadaky resmiler öz wekiliýetleriniň duşenbe güni gepleşikleriň netijeleri barada maglumat bermek üçin öz ýurtlaryna gaýdyp gelendiklerini aýtdylar.