Ysraýyl ýene-de 3 palestinlini öldürdi
Ysraýylyň harby goşuny hüjümleriň bes edilmegi boýunça gazanylan ylalaşyga garamazdan Gazany nyşana almaga dowam edýär.
Ysraýylyň harby goşuny gabaw astyndaky Gazadaky ylalaşygy bozgama dowam edýär. Soňky hüjümlerinde 3 palestinlini öldürdi.
Ysraýylyň harby goşunyndan berlen beýannamada, Gazanyň günortasyna ornaşdyrlan 188-njy Sowutly harby toparyň “Sary liniýa” hökmünde atlandyrlan geçelgeden geçendigi we esgerleriň golaýyna çenli gelen 3 palestinli tarapyndan uly howpyň abanandygy öňe sürüldi.
Beýannamada howpy ortadan aýyrmak maksady bilen “Sary liniýanyň” günbataryndaky palestinlä garşy Ysraýyla degişli howa ulagynyň hüjüm gurandygy we palestinliniň şol hüjümde öldürlendigi nygtaldy.
Gazanyň demirgazygynda bolsa “Sary liniýany” geçendigi öňe sürülýän iki palestinliniň öldürlendigi bellenildi.
Palestinli Saglygy goraýyş işgärleri Gazanyň çar tarapyna Ysraýyl tarapyndan guralan hüjümlerde birnäçe adamyň ýaralanandygy nygtaldy.
Ysraýyl ylalaşygy bozmaga dowam edýär
Soňky hüjümler Ysraýylyň 2025-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda gazanylan ylalaşygy bozmaga dowam edýändigini görkezýär.
Ysraýyl 2023-nji ýylyň oktýabrynda aýyndan bäri dowam etdirýän genosid hüjümlerinde esasy bölegi zenanlardan we çagalardan ybarat 71 müňden gowrak palestinlini öldürdi, 171 müňden gowrak adamy hem ýaralady.
Ysraýyl ylalaşyga garamazdan hüjümlerini dowam etdirdi. Palestiniň Saglygy goraýyş ministrligine görä ylalaşygyň gazanylan gününden bäri 425 palestinli öldürildi, 1189 adam hem ýaralandy.