SYÝASAT
1 minut okamak
"Prezident Li bilen özara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy barada pikir alyşdyk"
Prezident R. T. Erdogan Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li bilen birnäçe ugur boýunça edilýän özara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy barada pikir alyşandyklaryny aýtdy.
"Prezident Li bilen özara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy barada pikir alyşdyk"
"Prezident Li bilen özara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy barada pikir alyşdyk"

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çe Meniň çakylygyna laýyklykda Koreýa giden Prezident Erdogan paýtagt Seulda geçirlen topara gepleşiklerden soň metbugata beýannama berdi.

Türkiýe bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky taryhy dostlugyň 76 ýyl ozal Koreýa söweşinde türk esgeriniň Koreýanyň garaşsyzlygy üçin alyp baran gaýduwsyz göreşi bilen başlandygyny ýatladan Erdogan, guralýan iki taraply saparlaryň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna itergi berjekdigini nygtady.

Kärdeşi Li bilen bolan duşuşygynda iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklary meselesini ara alyp maslahatlaşandyklaryny aýdan Prezident Erdogan, energiýa we magdançylyk pudagynyň hem gün tertibine getirlendigini ýatlatdy.

Prezident Erdogan “Halkara meseleler boýunça umuman alnanda şol bir garaýşa goldaw berýäris. Koreýa Ýarymadasynda parahatçylygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagyny maksat edinýän tagallalara goldaw berýäris” diýdi.

Erdogan Türkiýe bilen Koreýe Respublikasynyň BMG-nyň, MIKTA-nyň we G-20-niň başda durmagynda birnäçe platformada adamzadyň ýagty geljegi üçin ýakyndan gatnaşyk edýändigine ünsi çekdi.