TÜRK DÜNÝÄSI
3 minut okamak
Prezident Erdogan Türki döwletleri sebit howpsuzlygyndaky roluny güýçlendirmäge çagyrdy
Azerbaýjanyň Gabala şäherindäki Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitinde çykyş eden Türkiyäniň Prezidenti Günorta Kawkaz we medeni başlangyçlar babatynda hyzmatdaşlygyň we sebitde has işjeň rol eýelenmegiň üstünde durup geç
Prezident Erdogan Türki döwletleri sebit howpsuzlygyndaky roluny güýçlendirmäge çagyrdy
Türki Döwletleriň Guramasy

Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Türki döwletlerini sebitiň durnuklylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmekde has işjeň rol oýnamaga çagyrdy.

Sişenbe güni Azerbaýjanyň demirgazygyndaky Gabala şäherinde geçirlen Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitinde çykyş eden Prezident Erdogan: “Biz türk dünýäsiniň sebitiň durnuklylygy we howpsuzlygy babatynda köp ugurda has işjeň rol oýnap biljekdigine ynanýarys” diýdi.

Erdogan halkara ulgamyny tankytlap, “BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň adamzadyň wyždanyny ýaralaýan köp meselelerde biperwaý galýan halkara ulgam bilen ýüzbe-ýüz bolýarys” diýip belledi.

Siriýadaky wakalara ünsi çeken Erdogan: “Köp kynçylyklara garamazdan, soňky dokuz aýyň dowamynda Siriýanyň hökümetiniň gazanan ösüşlerine geljege umyt bilen garamaga esas berýär” diýdi we has çuňňur hyzmatdaşlyk edilmek barada çagyryş berip: “Türki döwletler hökmünde biz Siriýanyň hökümeti bilen hyzmatdaşlygymyzy ösdürmelidiris” diýdi.

Günorta Kawkaz sebitiniň üstünde durup geçen Erdogan: “Biz diňe wakalara ýakyndan gözegçilik etmek bilen çäklenmeýäris; sebitiň parahatçylygyny we durnuklylygyny üpjün etmek üçin ädilen ädimleri ýürekden goldaýarys” diýdi.

Erdogan Ysraýylyň Katara garşy guran soňky hüjümlerini ýazgaryp, “Sebitimiziň durnuklylygyna iň uly howp bu ýurduň häzirki ýolbaşçylygyndan gelýär” diýip belledi.

Erdogan medeni başlangyçlara-da ünsleri çekip: “Umumy elipbiý babatynda, Türkiye ilkinji ädimi edip, (dünýä belli gyrgyz ýazyjysy) Çingiz Aýtmatow we Oguznama kitaplaryny umumy elipbiýde neşir edýäris” diýdi.

Türkiye Respublikasynyň Daşary işler ministri: Hemişelik parahatçylyk Türki döwletleriň arasynda agzybirlik bilen mümkindir

Daşary işler ministri Hakan Fidan sişenbe güni beren beýanatynda, dowamly parahatçylygyň we uzak möhletli durnuklylygyň diňe TDG agza ýurtlaryň arasynda üznüksiz utgaşdyrmagy we hyzmatdaşlygy güýçlendirmek arkaly gazanyp boljakdygyny aýtdy.

Fidan Azerbaýjanyň Gabala şäherinde geçirilen TDT Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy we çykyş etdi.

Türk dünýäsiniň häzirki wagtda sebit deňagramlylygyny emele getirýän esasy aktýor bolmalydygyna ünsi çeken Fidan, TDG-nyň iň uly güýjüniň, agzalaryň arasyndaky özara ynamyň we hyzmatdaşlygyň çuňlaşmagydygyny aýtdy.

Fidan, türk dünýäsiniň sebit we global kynçylyklara garşy durmak üçin ýygy-ýygydan duşuşyklar geçirmelidigini, nirede ýerleşmelidigi we haýsy bilelikdäki ädimleriň edilmelidigi barada öz wagtynda maslahatlaşmalydygyny aýtdy.

Sişenbe güni geçiriljek sammitiň esasy mowzugynyň "Sebitleýin parahatçylyk we howpsuzlyk" diýip aýdan Fidan umumy geografiýanyň geljegi üçin iň möhüm meseledigini aýtdy.

Fidan, dowamly parahatçylygyň we uzak möhletliýin durnuklylygyň diňe TDG-na agza ýurtlaryň arasynda üznüksiz utgaşyklygy we hyzmatdaşlygy güýçlendirmek arkaly gazanyp boljakdygyny belläp, bu maksada ýetmegiň ýolunyň geosyýasy meseleler boýunça sazlaşykly hereket etmekden, halkara platformalarynda utgaşykly we hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we möhüm meseleler boýunça bir ses bilen aýtmak bilen mümkindigini beýan etdi.

Hakan Fidan Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň (DKTR) 2022-nji ýylda TDG-na synçy döwlet hökmünde ağza bolmagynyň ähmiýetini nygtady we munuň türk dünýäsiniň agzybirligini pugtalandyrýandygyny we türk dünýäsiniň aýrylmaz bölegi bolan Kipr türk halkynyň çekýän adalatsyz izolýasiýasyny aýyrmagynyň we hukuklarynyň ykrar edilmeginiň umumy jogapkärçilikdigini beýan etdi.

Şeýle hem Fidan, umumy geografiýanyň durnuklylygy üçin aýrylmaz ähmiýete eýe bolan Günorta Kawkazda dowamly parahatçylygy gazanmak ugrunda möhüm öňegidişlikleriň gazanylandygyny aýtdy.

Öwren
Türkiye DKTR-daky gämi heläkçiligi bilen bagly gynanç ýüzlenmesini çap etdi
DKTR-nyň suw giňişliginde batan gämidäki 237 ýolagçy halas edildi, 7 adam ýogaldy
VI Bütindünýä Çarwa oýunlary Bişkek Arena stadionynda geçirler
DKTR-da bolan gämi heläkçiligi bilen baglanyşykly Içeri işler ministrliginiň beýanaty
Gyrgyz Respublikasy Hytaýyň gyrgyz raýatlary üçin wiza ýeňilligini döretmegine kanagabilen garşylady
TRT-den Gazagystana metbugatda emeli aň boýunça okuw maksatnamasy
"Mekge Bilelikdäki Goranmak Ylalaşygy bilen Türki Dünýäsiniň Günorta Koridory kepillik astynda”
Azerbaýjanyň paýtagty Bakudan Karsa uçar gatnawlary başlandy
Türk we gazak mugallymlary Astanada duşuşdylar
Türkmenistan Hazar deňzinde Eýran gämisine guralan hüjümiň "ýol berilmesizdigini" beýan edýär
Gyrgyz Respublikasy bilen Belarus söwda mukdaryny 500 million dollara ýetirmegi maksat edinýär
Özbegistanyň ykdysadyýeti üstümizdäki ýylyň birinji ýarymynda 8,5 göterim ösdi
Bişkekdäki ŞHG-nyň Işewürler forumynda 150 million dollarlyk şertnamalara gol çekildi
Kurtulmuş Bakuda Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň başlygy Gafarowa bilen duşuşdy
ÝB we Gazagystan awiasiýa, möhüm çig mal we wiza ýeňiligi boýunça ylalaşyklara gol çekdiler
Türki döwletleriň arasynda elektron söwda we sanly hyzmatlar ýeňilleşdiriler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhammedow Azerbaýjanda saparda boldy
Tokaýew Türki döwletleriň guramasyna agza ýurtlaryň kazyýet organlarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
Türkiýe Gazagystanyň belgisi bolan ulaglara halkara ýük daşamak ygtyýarnamasyny berýär
Wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz CONIFA-nyň çempiony DKTR-ny gutlady