Daşary işler ministrliginden berlen beýannama görä, Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Hakan Fidan, oktýabr aýynyň 17-18-i aralygynda Yragyň paýtagty Bagdatda geçiriljek Yslam Hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň Daşary işler ministleriniň 52-nji maslahatyna gatnaşar.
2025-nji ýylyň iýun aýyndan bäri guramanyň döwürleýin ýolbaşçylygyny ýerine ýetirýän Türkiýe bu wezipesini Yraga tabşyrar.
Maslahatda Ysraýylyň Gaza we basyp alyşyk astyndaky Palestine guraýan hüjümleri, musulman ýurtlardaky beýleki çaknyşyklar, terrora garşy göreş we gurama agza bolmadyk musulman ýurtlaryň ýagdaýy meselesiniň seljerilmegine garaşylýar.
1969-njy ýylda gurlan Yslam Hyzmatdaşlyk guramasy 57 agzasy bilen BMG-dan soň dünýäniň iň uly ikinji hökümetara guramasy.
Türkiýe guramany esaslandyran 25 agzasyndan biri we 2025-nji ýylyň iýun aýynda Stambul şäherinde geçirlen Daşary işler ministrleri geňeşiniň maslahatynda guramanyň döwürleýin ýolbaşçylyny öz üstüne alypdy.



















