Prezident Erdogan, Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Prezident Erdogan Ýakyn Gündogardaky dartgynlyga garamazdan Russiýa-Ukraina söweşinin bes edilmegi üçin gepleşikleriň dowam etmelidigini aýtdy.

By
Prezident Erdogan, Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi / AA Archive

Prezident R. T. Erdogan sişenbe güni Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Erdogan telefon söhbetdeşliginde Russiýa- Ukraina söweşiniň bes edilmegi üçin edilýän tagallalaryň dowam etdirilmelidigini aýtdy.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, iki lider telefon söhbetdeşliginde özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara we halkara meseleler hakynda pikir alyşdy.

Prezident Erdogan Ýakyn Gündogarda möwjeýän dartgynlygyň Ukrainada parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin edilýän tagallalara zeper ýetirmeli däldigini we söweşiň bes edilmegini maksat edinýän gepleşikleriň dowam etdirilmelidigini nygtady.

Hüjümleriň bes edilmegi we Gara deňiziň howpsuzlygy

Prezident R. T. Erdogan çaknyşyklaryň bes edilmeginden soň Ukrainanyň gaýtadan dikeldilmeginiň hem möhümdigine ünsi çekdi.

Erdogan ýurduň gaýtadan dikeşdiş etabynyň uzak möhletli howpsuzlygyň ýola goýulmagy we sebitara durnuklylyk taýdan möhümdigini belledi.

Gara deňizde deňiz howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň strategiýa taýdan diýseň möhümdigini nygtan Erdogan, portlaryň goralmagynyň söweşýän taraplaryň arasynda ynamyň ýola goýulmagynda uly rol oýnap biljekdigini ýatlatdy.

Prezident Erdogan Türkiýäniň diplomatik tagallalaryň depgininiň güýçlendirilmegi üçin ähli taraplaýyn goldaw bermäge taýardygyna ünsi çekdi.