TÜRKIÝE
1 minut okamak
Erdogan Ýakyn Gündogardaky zorlukly hereketleriň "dessine" bes edilmegi barada çagyryş berdi
Erdogan Ysraýylyň Aksa metjidini nyşana alan prowakasiýalaryny "kabul ederliksiz" hökmünde häsýetlendirdi we Indoneziýanyň Prezidenti Prabowo Subianto bilen ikitaraplaýyn we sebitleýin meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.
Erdogan Ýakyn Gündogardaky zorlukly hereketleriň "dessine" bes edilmegi barada çagyryş berdi
Rejep Taýýip Erdogan
Duş 11 Ýek

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Indoneziýanyň Prezidenti Prabowo Subianto bilen geçiren telefon arkaly geçiren söhbetdeşliginde Ýakyn Gündogardaky çaknyşyklaryň dessine bes edilmeği barada çagyryş berdi.

Penşenbe güni geçirilen telefon söhbetdeşliginde Erdogan: "Eýrana garşy hüjümler bilen başlan we Pars aýlagy ýurtlaryna ýaýran zorluk hereketler mümkin boldugy saýyn tiz wagtda bes edilmelidir" diýdi.

Erdogan Ysraýylyň Aksa metjidini nyşana alan prowakasiýalaryny "kabul ederliksiz" hökmünde häsýetlendirip: “Yslamyň ilkinji kyblasyna girmäge päsgel berip, gelejegini howp astyn alan Ysraýyla garşy musulman jemgyýetleriň sessiz galmazlygy möhümdir” diýip belledi.

Kommunikasiýalar edarasy iki lideriň telefon söhbetdeşliginde ikitaraplaýyn gatnaşyklary, şeýle hem sebitleýin we global wakalary ara alyp maslahatlaşandygyny mälim etdi.