Türkiýäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan bilen Milli howpsuzlyk gullugynyň başlygy Ibrahim Kalyn täze ýylyň ilkinji duşuşygyny Ukrainanyň Milli howpsuzlyk gullugynyň Baş sekretary Rüstem Umerow bilen paýtagt Ankarada geçirdi.
Daşary işler ministrliginden berlen beýannama görä, Fidan bilen Umerow penşenbe güni Ankarada duşuşdy.
Duşuşykda 4 ýyla golaý wagt bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşiniň bes edilmegi meselesi seljerildi.
Türkiýe çaknyşyklaryň başlan gününden bäri Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda töwellaçylyk edýär.
Türkiýe ýesir çalşygynda uly rol oýnady we söweşiň bes edilmegi maksady bilen geçirilýän gepleşiklere goldaw berýär.
Ukrainanyň Milli howpsuzlyk gullugynyň Baş sekretary Rüstem Umerow Türkiýäniň Milli howpsuzlyk gullugynyň başlygy Ibrahim Kalyn bilen hem duşuşdy.
Umerow bilen Kalyn duşuşykda Ukrainanyň howpsuzlygy, Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky çaknyşyklar, sebitara we halkara meseleler hakynda pikir alyşdy.
Taraplar duşuşykda parahatçylyk tagallalary we gepleşik etabynda ýetilen soňky sepgit hakynda hem giňişleýin pikir alyşdy.
Russiýada saklanýan ukrainaly ýesirleriň boşadylmagy we taraplaryň arasynda ýesir çalşygynyň dowam etdirilmegi üçin edilýän tagallalar hem gün tertibine getirildi.
Kalyn bilen Umerow Türkiýe bilen Ukrainanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegi meselesinde ylalaşyk gazandy.
Beýleki tarapdan Daşary işler ministrliginiň görkezijilerine görä, Hakan Fidan 2025-nji ýylda 89 ýurtdan kärdeşleri bilen 241 duşuşyk geçirdi we Ankaranyň halkara derejesinde täsirli daşary syýasat alyp barýandygyny nygtady.
Daşary işler ministrlinden berlen maglumata görä, ministr Fidan geçen ýyl 50 ýurda 79 sapar gurady. Şol saparlaryň 22-niň Prezident R. T. Erdogan bilen birlikde guralandygy nygtaldy.
Türkiýäniň Daşary işler ministi 2025-nji ýylda köp taraply 22 maslahata ýer eýeçiligini etdi we halkara derejesinde geçirlen 31 maslahata gatnaşdy, şolardan 10-na Prezident Erdogan bilen birlikde gatnaşdy.









