DÜNÝÄ
1 minut okamak
Nemesleriň 70 göterimi goşunyň ýurdy gorap biljekdigine ynanmaýar
Halkyň 70 göterimi harby goşunyň haýsydyr bir hüjüm guralan halatynda ýurdy gorap biljekdigine ynanmaýar.
Nemesleriň 70 göterimi goşunyň ýurdy gorap biljekdigine ynanmaýar
Nemesleriň 70 göterimi goşunyň ýurdy gorap biljekdigine ynanmaýar

Germaniýada halkyň esasy bölegi harby goşunyň haýsydyr bir hüjüm guralan halatynda ýurdy gorap biljekdigine ynanmaýar.

ÝouGow tarapyndan iýun aýynyň 17-i bilen iýul aýynyň 1-i aralygynda Germaniýada 2 müň 79 adam bilen geçirlen sowalnama görä, sowalnama gatnaşanlaryň 70 göterimi harby goşunyň haýsydyr bir hüjüm guralan halatynda ýurdy gorap biljekdigine ynanmaýar.

Sowalnama görä, harby goşuna ynam bildirýänleriň sany 21 göterim.

Sowalnama gatnaşanlaryň 8 göterimi bolsa hiç hili garaýyş beýan etmedi.

Nemesleriň esasy bölegi goranyş çykdajylaryna oňyn garamaýar

Sowalnama gatnaşanlaryň 40 göterimi ýurduň goranyş bujetiniň azdygyny nygtaýar. 77 göterimi bolsa goranyş çykdajylary üçin salgytlaryň ýokarlandyrylmagyna garşy durýar.

Sowalnama gatnaşanlaryň 59 göterimi hökümetiň has köp karz almagyny islemeýär.

Germaniýa harby goşuny giňeltmegi meýilleşdirýär

Russiýanyň 2022-nji ýylda Ukraina guran hüjüminden soň Germaniýa, goranyş mümkinçiligini güýçlendirmek üçin işe girişýär.

Resmi Berlin, geçen ýyl 86 million ýewro bolan goranyş bujetini 2029-njy ýylda 153 milliard ýewro ýetirmegi maksat edinýär.

Germaniýa 2025-nji ýyla çenli esger sanyny 184 müňden 260 müňe ýetirmegi meýilleşdirýär.