TÜRKIÝE
2 minut okamak
AŽet Stambul şäherinden Damaska ilkinji uçar saparyny gurady
Stambul-Damask uçar saparlaryna başlan AŽet, ýakynda Ankara-Damask saparlaryna hem başlar.
AŽet Stambul şäherinden Damaska ilkinji uçar saparyny gurady

Başar Asadyň wezipesinden çetleşdirilmeginden soň Stambulda halkara Sabiha Gökçen howa menzilinden Siriýanyň paýtagty Damaska ilkinji uçar sapary guraldy.

AŽetden berlen beýannama görä, Ýakyn Gündogaryň esasy merkezlerinden biri bolan Damaska Sabiha Gökçen howa menzilinden uçar saparlary başlady.

AŽet şeýlelikde 13 ýyl soň Stambuldan Sabiha Gökçen howa menzilinden Damaska uçar saparyny guran ilkinji howa ýoly boldy.

Iki sagat dowam eden uçuşdan soň ýolagçylar Halkara Damask howa menzilinde dabaraly ýagdaýda garşylandy.

AŽetiň Baş müdüri Kerem Sarp, Damaskdaky garşylama dabarasynda eden çykyşynda, 13 ýyl soň Türkiýeden Damaska ilkinji uçar saparyny guran howa ýoly firmasy bolandyklary üçin buýsanýandyklaryny aýtdy.

Sarp, “Şu gün Stambuldan Damaska ilkinji uçar saparymyzy guradyk. 4-nji iýulda anna güni hem Ankaradan Damaska ilkinji uçar saparymyzy gurarys” diýdi.

AŽetiň Baş müdüri Kerem Sarp, şeýlelikde AŽetiň birnäçe ýyl soň Ankaradan Damaska gönüden uçar saparyny guran ilkinji howa ýoly fyrmasy boljakdygyny hem sözleriniň üstüne goşdy.

Sarp “AŽet hökmünde her gün Stambuldan Damaska,  hepde-de 3 gün bolsa Ankaradan Damaska uçar saparyny gurarys” diýip belledi.

Siriýadaky täze döwür bilen birlikde sebitiň durnuklylygy we parahatçylygy üçin uly tagalla edilýändigini nygtan Sarp, Ýakyn Gündogaryň gadymy şäherlerinden biri bolan Damaska göni uçuşlaryň başlamagynyň Siriýadanyň gaýtadan dikeldiş etabyna, söwda gatnaşyklarynyň ösmegine itergi berjekdigini nygtady.

AŽetiň 34 ýurtda 59 nokada uçar saparlaryny guraýandygyny aýdan Sarp, Damaska uçuşlaryň başlamagy bilen Ýewropa, Ýakyn Gündogar, Orta Aziýa we Demirgazyk Kawkaz boýunça ösüş maksatlaryny dowam etdirmekde ygrarly bolandyklaryny sözleriniň üstüne goşdy.

 

 

ÇEŞME:TRT Global
Öwren
Prezident Erdogan Bolgariýanyň Premýer-ministri Radew bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Kanadanyň Premýer-ministri Karni Türkiýä sapar gurar
Prezident Erdogan: "Ýurdumyzy sebitimizdäki çaknyşyklardan uzakda sakladyk" diýdi
Türkiýe Kanada gynanç bildirdi
Prezident Erdogan: Şu gün energetika taryhymyzda täze bir sahypa açýarys
Fidan Aziýada hyzmatdaşlyk we ynam güýçlendiriş çäreleri maslahatynyň 7-nji sammitine gatnaşdy
Daşary işler ministri Fidan Aziýa howpsuzlyk sammitine gatnaşmak üçin Baku gitdi
Prezident Erdogan Şiroka Pulany Kosowanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy bilen gutlady
Prezident Erdogan: "Türkiýe Saud Arabystanynyň ýanynda" diýdi
Türkiýäniň BMG-däki hemişelik wekili Yyldyz kynçylyklara garamazdan Siriýanyň dogry ugurda öňe barýandygyny aýtdy
Prezident Erdogan Ministrler Kabinetiniň mejlisinden soň çykyş etdi
Burhanettin Duran Saud Arabystanynda guralan hüjümlere reaksiýa bildirdi
Prezident Erdoganyň “Türki dünýä” baradaky ýüzlenmesi
Türkiýe we Hytaý kosmos tehnologiýalaryny ösdürmek boýunça ylalaşyga gol çekdi
MHG-nyň ýolbaşçysy Kalyn Siriýanyň Daşary işler ministri Şaýbani bilen duşuşdy
Erdogan we Putin telefon arkaly söhbetdeş boldular
Kanadanyň Premýer ministri Mark Karni Türkiýä ilkinji saparyny amala aşyrar
Prezident Erdogan MaşgalaFest çärelerine baryp gördi
Türkiýe Ysraýylyň Siriýadaky territorial düzgün bozmalaryny berk ýazgardy
Antalýada 77-nji Halkara Älem kongresi başlady