Eýran ýadro desgalarına guralan hüjümler sebäpli uranı kämilleşdirmegi bes edendigini mälim etdi
Eýranıň Daşarı işler ministri Abbas Arakçi, iýun aýında ABŞ we Israýıl tarapından guralan hüjümlerden soň ähli desgalarda işleriň bes edilendigini mälim etdi.
Eýranıň Daşarı işler ministri ýekşenbe güni Tähranıň uranı kämilleşdiriş işlerini bes edendigini mälim etdi.
Eýranda saparda bolan Assojiated Press habarlar gullugınıň wekillerine beýannama beren Daşarı işler ministri Abbas Arakçi, iýun aýında Israýıl we ABŞ tarapından uranı kämilleşdiriş desgalarınıň bombalanmagı sebäpli kämilleşdiriş işleriniň bes edilendigini aýtdı.
Arakçi “Eýranda uranı kämilleşdiriş etabı bes edildi. Halkara Atom energiýası gullugı ähli desgalarımıza gözegçilik edýär. Kämilleşdiriş etabı bes edildi sebäpli ähli desgalarımız hüjüme sezewar boldı” diýdi.
Eýranıň hökümeti AP gullugınıň habarçılarına, Britaniýanıň tanımal habar gulluklarına we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine üç günlük wiza berdi.