SYÝASAT
1 minut okamak
Russiýanyň Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Şoýgu, Demirgazyk Koreýa gitdi
Sergeý Şoýgu, Russiýa bilen Demirgazyk Koreýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen Phenýana sapar gurady.
Russiýanyň Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Şoýgu, Demirgazyk Koreýa gitdi
22 Mart 2025

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň  howpsuzlyk boýunça ýokary geňeşçisi Sergeý Şoýgu, Demirgazyk Koreýa bardy. TASS habarlar gullugy anna güni beren habarynda, Sergeý Şoýgunyň saparynyň iki ýurduň arasynda howpsuzlyk boýunça edilýän hyzmatdaşlyk taýdan möhümdigini nygtady.

Habarda, Şoýgunyň Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çin Yn bilen duşuşmagyna garaşylýandygy ýatladyldy. TASS-yň habarynda sapar hakynda giňişleýin maglumat berilmedi, Demirgazyk Koreýanyň köpöçülikleýin habar beriş serişdeleri hem Şoýgunyň sapary hakynda hiç hili maglumat bermedi.

2024-nji ýylyň maý aýyna çenli Russiýanyň Goranmak ministri wezipesini ýerine ýetiren Şoýgu, ozal hem Demirgazyk Koreýada saparda boldupdy. Resmi Phenýan şol döwürde Ukrainadaky söweşde Russiýanyň hatarynda söweşmegi üçin esger ugratmaga taýarlanýardy.

ABŞ bilen Koreýa Respublikasynyň ýolbaşçylary, Demirgazyk Koreýanyň Russiýanyň gündogarynda ýerleşýän Kursk sebitine 10 müňden gowrak esger ornaşdyrandygyny, agyr ýaraglar we artilleriýa bilen balistiki raketa ulgamlaryny ugradandygyny öňe sürdi.

Demirgazyk Koreýanyň hem Moskwadan harby tehnalogiýa bilen ykdysady taýdan kömek alandygy nygtalýar.

Ne resmi Phenýan ne-de resmi Moskwa, Demirgazyk Koreýanyň Russiýa esger we ýarag ugradandygyny kabul etmedi.

Iki ýurt 2023-nji ýylyň iýun aýynda liderler tarapyndan baglaşylan strategik hyzmatdaşlyk şertnamasynyň çäginde ýakyndan gatnaşyk edýändiklerini nygtaýar.

 

 

ÇEŞME:TRT Global
Öwren
Erdogan: YHG Siriýanyň ykdysady taýdan galknyşyna goldaw bermek üçin ýörite meýilnama başlatdy
Hegset: ABŞ we Hytaý dartgynlygy gowşatmak üçin harby aragatnaşyk ulgamyny döreder
Hakan Fidan BMG-na reforma çagyryşyny berdi
Tramp-Putin duşuşygy Moskwanyň Ukraina boýunça talaplary sebäpli bes edildimi?
Hytaýyň global dolandyryş başlangyjy Türkiyäniň täze dünýä tertibi baradaky garaýşy bilen utgaşýar
Germaniýanyň Federal Kansleri Mers Türkiýe bilen ýakyn hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýär
Tramp ABŞ-nyň ýadro ýaraglaryny synagdan geçirmäge başlamagy üçin görkezme berdi
Stambul Pakistan-Owganystan gepleşiklerine ýer eýeçiligini eder
Maduro ABŞ-na ýüzlendi: “Haýyş edýärin, uruş turmasyn!”
Müsür BMG-ni Gaza parahatçylyk missiýasyny gyssagly herekete geçmäge çagyrýar
Hytaýyň döwlet başlygynyň orunbasary Szinpin-Trump duşuşygyndan öň ABŞ-ny 'hyzmatdaşlyga" çagyrdy
Tramp Russiýanyň prezidenti Putin bilen "biderek geçjek duşuşyk" islemeýändigini aýtdy
Tufan Erhurman DKTR-nyň täze prezidenti boldy
Kipr türk halky täze prezidentini saýlamak üçin ses berýär
Türkiýe Gaza goldaw bermäge dowam eder
Erdogan Türkiýäniň Gazada yzygyderli parahatçylyga goldaw berýändigini aýtdy
Türkiýe, DKTR-nyň Parlamentiniň iki döwletli çözgüd kararyna kanagatlanma bildirdi
Türkiye, Müsür, Katar we ABŞ Gaza ýaraşyk şertnamasyna gol çekdiler
“Erdogan Russiýa-Ukraina söweşiniň bes edilmeginde uly rol oýnap biler”
Ysraýyl ylalaşygyň çäginde palestinli tussaglylary boşatmaga başlady