Türkiyäniň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz penşenbe güni Ankaradaky Prezident köşgünde ABŞ-nyň Ankaradaky ilçisi we Siriýa boýunça ýörite wekili Tom Barragy kabul etdi.
Ýylmaz merkezi ofisi Türkiyede ýerleşýän NSosyal sosial media platformasy arkaly beren beýanatynda duşuşygyň Türkiye bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga, anyk ugurlarda hyzmatdaşlygy artdyrmaga we sebitdäki soňky wakalar barada pikir alyşmaga gönükdirilendigini aýtdy.
Beýanata görä, taraplar ykdysady we söwda gatnaşyklaryny, şeýle hem goranmak senagaty bilen baglanyşykly meseleleri, şol sanda ABŞ-nyň “Amerikanyň duşmanlaryna sanksiýalar arkaly garşy durmak” kanuny (CAATSA) esasynda Türkiyä garşy girizilen sanksiýalary ara alyp maslahatlaşdylar. Türkiye ABŞ-nyň harby uçarlarynyň satuwyna päsgel berýän şeýle sanksiýalaryň ýaranlyk gatnaşyklaryna laýyk gelmeýändigini mälim etdi.
Ýylmaz şeýle hem duşuşykda Eýranda we Siriýada soňky wakalar, şeýle hem Gaza parahatçylyk meýilnamasynyň ikinji tapgyrynyň çäginde sebitleýin we global meseleler barada pikir alyşandyklaryny habar berdi.













