Ysraýylyň ylalaşyga garamazdan guran hüjümlerinde Gazada üç palestinli öldürildi

Palestinlileriň öýleriniň we ýangyç beketleriniň golaýyna bombaly hüjümiň guralandygyny mälim etdi.

By
Ysraýylyň ylalaşyga garamazdan guran hüjümlerinde Gazada üç palestinli öldürildi / Reuters

Ýekşenbe güni Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleriniň Gazanyň gündogarynda ýerleşýän Şujaiýýe etrapçasyna guran hüjümde üç palestinliniň öldürlendigi habar berildi.

Ýerli halk hüjümiň Ysraýylyň ylalaşygy bozmaga dowam edýändigini açyk aýdyn görkezýändigine ünsi çekdi.

Saglygy goraýyş işgärleri Palestiniň WAFA habarlar gullugyna beren beýannamasynda asuda ilatyň ýaşaýan etrapçalaryna uçarmansyz howa ulagy bilen guralan hüjümde 1 adamyň öldürlendigini mälim etdi.

Al Mansura köçesiniň ugrunda ýerleşýän Al-Şawa ýangyç bekediniň golaýyna guralan bombaly hüjümde hem 2 adamyň ýogalandygy bellenildi.

Şaýatlar köçäniň ýaşaýjylarynyň bombaly hüjüm sebäpli dowla düşendigini gürrüň berdi.

Saglygy goraýyş işgärleri 11-nji oktýabrda güýje giren ylalaşyga garamazdan azyndan 404 palestiniň Ysraýyl tarapyndan öldürlendigini, 1108 adamyň hem ýaralanandygyny mälim etdi.

Palestinliler Ysraýylyň 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri guraýan hüjümlerinde esasy bölegi zenanlardan we çagalardan ybarat 70 müň 700 adamyň ýogalandygyny, 171 müňden gowrak adamyň hem ýaralanandygyny nygtaýar.