Türkiye Ispaniýa bilen 2-2 hasabynda deňme-deň oýnap, 2026-njy ýyldaky FIFA Dünýä Kubogynyň pleý-off tapgyryna geçmäge mümkinçilik gazandy. Ispaniýa bu oýundan soň Dünýä Kubogyna gatnaşmaga hukuk gazandy.
Sewiliýadaky La Kartuha stadionynda geçirilen oýunda Ispaniýa 4-nji minutda Dani Olmonyň goly bilen öňe geçdi, Türkiye bolsa 42-nji minutda Deniz Gül bilen hasaby deňleşdirdi.
Türkiye 54-nji minutda Salih Özjanyň uzak aralykdan geçiren goly bilen öňe geçdi.
Ispaniýa 62-nji minutda Mikel Oýarzabalyň goly bilen ýene-de deňleşdirdi we oýun 2-2 hasabynda tamamlandy.
Türkiyäniň milli ýygyndysynyň gollary Ispaniýanyň saýlama tapgyrynda ilkinji iki goly boldy, Ispaniýa bolsa topariçi tapgyrynda ilkinji deňme-deňlige eýe boldy.
Türkiye Dünýä çempionatynyň pleý-off ýarym finalynda Şwesiýa, Rumyniýa, Demirgazyk Makedoniýa ýa-da Demirgazyk Irlandiýa bilen bäsleşer.
















