TÜRKIÝE
2 minut okamak
Milli Goranmak ministrligi Eýrandan atylan ballistik raketanyň urlup düşürilendigini habar berdi
Milli Goranmak ministrliginden berilen beýannamada Eýrandan atylan we Yragyň hem-de Siriýanyň howa giňişligini geçenden soň Türkiýäniň howa giňişligine ýönelendigini we NATO tarapyndan urlup düşürilendigini beýan edildi.
Milli Goranmak ministrligi Eýrandan atylan ballistik raketanyň urlup düşürilendigini habar berdi
Milli Goranmak ministrligi Eýrandan atylan ballistik raketanyň urlup düşürilendigini habar berdi / AA

Milli Goranmak ministrliginden berilen beýannamada Eýrandan atylan we Yragyň hem-de Siriýanyň howa giňişligini geçenden soň Türkiýäniň howa giňişligine ýönelendigini anyklanan ballistiki raketanyň NATO-nyň Gündogar Ortaýer deňzinde ýerleşýän howa we raketa goranyş ulgamlary tarapyndan urlup düşürilendigi mälim edildi.

Raketanyň Hataýda welaýatyna düşen bölekleri howa goranyş raketasyna degişlidi.

Howpuň howada ýok edilmeginden soň Hataýyň Dörtýol etrabyna düşen bölekleri barada maglumat berilýän beýanatda şeýle diýilýär: “Raketanyň Hataý welaýatynyň Dörtýol etrabyna düşen bölekleriniň howada howpy ýok eden howa goranyş raketasyna degişlidigi anyklandy. Wakada adam pidasy ýa-da ýaralanma bolmady. "Howpuň nireden gelýändigine garamazdan degişli gaýtawul görkeziler.”

 Beýannamada Türkiýäniň sebitleýin durnuklylygyň we parahatçylygyň tarapdarydygyna üns çekilip, ýurduň we raýatlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek isleginiň hem-de mümkinçiliginiň ýokary derejededigi nygtaldy. Beýannamada: "Biz kimden we nireden gelip çykýandygyna garamazdan, terriyoriýamyzyň we raýatlarymyzyň howpsuzlygyny üpjün etmäge ukyply. Howa giňişligimizi goramak üçin ähli çäreler dessine we ikirjiňlenmezden görüler. Ýurdumyza garşy islendik duşmançylykly garaýyşa jogap bermek hukugymyzy saklaýandygymyzy ýene-de bir gezek ýatladýarys" diýilýär.

 Sebitleýin gapma-garşylyklar barada duýduryş

Beýannamada ähli taraplar gapma-garşylygyň ýaýbaňlanmagyna sebäp boljak hereketlerden saklanmaga çagyryldy we bu babatda NATO hem-de beýleki ýaranlar bilen geňeşmeleriň dowam etdiriljekdigi bellenildi.

 Daşary işler ministri Hakan Fidan Eýranyň daşary işler ministri Abbas Arakçi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Diplomatik çeşmelerden alnan maglumata görä, ministr Fidan Eýrandan atylandan soň Türkiýäniň howa giňişligine tarap gönügen ballistik raketany anyklanyp, täsirsiz ýagdaýa getirilen ballistiki raketa Türkiýäniň reaksiýasyny beýan etdi. Fidan sebitdäki dartgynlylyga ünsi çekip, gapma-garşylygyň ýaýbaňlanmagyna sebäp boljak ähli hereketlerden çetde durmagyň zerurdygyny nygtady.

Öwren
Türkiýäniň BMG-däki hemişelik wekili Yyldyz kynçylyklara garamazdan Siriýanyň dogry ugurda öňe barýandygyny aýtdy
Prezident Erdogan Ministrler Kabinetiniň mejlisinden soň çykyş etdi
Burhanettin Duran Saud Arabystanynda guralan hüjümlere reaksiýa bildirdi
Prezident Erdoganyň “Türki dünýä” baradaky ýüzlenmesi
Türkiýe we Hytaý kosmos tehnologiýalaryny ösdürmek boýunça ylalaşyga gol çekdi
MHG-nyň ýolbaşçysy Kalyn Siriýanyň Daşary işler ministri Şaýbani bilen duşuşdy
Erdogan we Putin telefon arkaly söhbetdeş boldular
Kanadanyň Premýer ministri Mark Karni Türkiýä ilkinji saparyny amala aşyrar
Prezident Erdogan MaşgalaFest çärelerine baryp gördi
Türkiýe Ysraýylyň Siriýadaky territorial düzgün bozmalaryny berk ýazgardy
Antalýada 77-nji Halkara Älem kongresi başlady
Stambul howa menzili gündelik 1587 uçar gatnawy bilen Ýewropanyň iň işjeň howa menzili boldy
TEKNOFEST Şanlyurfa şäherinde öz işini dowam etdirýär
Türkiýe, Husileriň Medine şäherindäki raýat infrastrukturasyna guran hüjümini berk ýazgardy
MHG Reýhanly hüjüminiň jenaýatçysyny tussag etdi
Milli Howpsyzlyk Geňeşiniň mejlisi Prezident Erdoganyň ýolbaşçylygynda geçirildi
TEKNOFEST Türkiýäniň Günorta-gündogarynda öz işine başlady
Fidan Germaniýanyň Demirgazyk Reýn-Westfaliýa welaýatynyň Premýer-ministri Wüst bilen duşuşdy
Daşary işler ministri Fidan BAE-niň Döwlet baştutany Al Nahýan tarapyndan kabul edildi
Prezident Erdogan Ministrler Kabinetiniň mejlisinden soň halka ýüzlenip çykyş etdi