SYÝASAT
2 minut okamak
Pakistan bilen Gazagystan özara gatnaşyklaryny ösdürmek üçin 37 şertnama baglaşdy
Gazagystanyň Prezidenti Tokaýew, Pakistana ilkinji resmi saparyny guraýar.
Pakistan bilen Gazagystan özara gatnaşyklaryny ösdürmek üçin 37 şertnama baglaşdy
Pakistan bilen Gazagystan özara gatnaşyklaryny ösdürmek üçin 37 şertnama baglaşdy
Duş 10 Ýek

Pakistan bilen Gazagystan nebit we magdançylyk pudagy bilen birlikde dürli ugurlarda özara gatnaşyklaryň ösdürilmegi maksady bilen 37 şertnama baglaşdy.

Pakistan tarapyndan berlen beýannama görä, şertnamalara Premýer-ministr Şahbaz Şerif bilen Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň gatnaşmagynda geçirlen dabarada gol çekişildi.

Tokaýew sişenbe güni ýokary derejeli wekiliýet bilen Pakistana geldi. Tokaýew şeýlelikde 23 ýyl soň Pakistana resmi sapar guran Gazagystanyň ilkinji Prezidenti boldy.

Şertnamalara gol çekişlik dabarasynda çykyş eden Pakistanyň Premýer-ministri Şerif, iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklary ösdürmegi meýilleşdirýändiklerini aýtdy.

Şerif 250 million dollara barabar bolan özara söwda mukdarynyň öňümizdäki ýyl 1 milliard dollara ýetirilmegi meselesinde ylalaşyk gazanandyklaryny belledi.

Premýer-ministr Şahbaz Şerif iki doganlyk ýurduň arasynda strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň döredilmegi boýunça ylalaşyk gazanandyklaryna ünsi çekdi.

Şerif iki ýurduň arasynda energetika we infrstruktura ýaly beýleki ugurlarda uly maýa goýum we hyzmatdaşlyk mümkinçilikleriniň bardygyny ýatlatdy.

Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şerif, Belarus-Russiýa-Gazagystan-Özbegistan-Owganystan-Pakistan aragatnaşyk koridorynyň başda durmagynda Pakistanyň sebitara aragatnaşyk infrstrukturasyny ösdürmegi maksat edinýändigini belledi.

Halkara meseleler boýunça hem pikir alyşan Şerif bilen Tokaýew, Gazanyň gaýtadan dikeldilmegine we iki döwletli çözgüde goldaw berýändiklerini ýatlatdy.

Hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bolsa iki ýurduň halkara meseleler boýunça umuman alnanda şol bir garaýşa eýedigini nygtady.

Tokaýew çaknyşyklaryň BMG-nyň çäginde we halkara hukugyna laýyklykda diplomatiýa arkaly çözülmelidigini belledi.

Prezident Tokaýew strategik hyzmatdaşlygyň we baglaşylan şertnamalaryň iki ýurduň özara bähbidine esaslanýandygyny ýatlatdy.

Gazagystanyň Prezidenti Tokaýew, Pakistanyň Premýer-ministri Şerifi ýurduna çagyrdy.

Gazagystan Orta Aziýada Pakistanyň esasy eksportçysy hökmünde bilinýär.