DÜNÝÄ
1 minut okamak
Ysraýylyň Gazada hüjümi bes etmezligi 97 palestinliniň ýogalmagyna sebäp boldy
Ysraýylyň düzgün bozmalarynyň arasynda asuda ilata od açylmagy, bilkastlaýyn nyşana almak we tussag etmeler bar
Ysraýylyň Gazada hüjümi bes etmezligi 97 palestinliniň ýogalmagyna sebäp boldy
Ysraýylyň Gazada hüjümi bes etmezligi 97 palestinliniň ýogalmagyna sebäp boldy
20 Oktýabr 2025

Gazaly ýolbaşçylara görä, 10-njy oktýabrda Gazada hüjümleriň bes edilmegi baradaky ylalaşygyň güýje girendigine garamazdan Ysraýylyn howpsuzlyk güýçleri tarapyndan azyndan 97 palestinli öldürildi, 230 adam ýaralandy.

Ýolbaşçylar diňe ýekşenbe güni 21 düzgünbozmanyň bellige alynandygyny mälim etdi.

Hökümetiň metbugat gullugy tarapyndan berlen beýannamada, “Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri ylalaşyga garamazdan halkara ynsanperwer hukugyny basgylamaga dowam edýär we ylalaşygy 80 gezek basgylady” diýildi.

Beýannmada, “Ysraýylyň düzgün bozmalarynyň arasynda asuda ilata od açylmagy, bilkastlaýyn nyşana almak we tussag etmeler bar”diýildi.

Gazadaky hökümet düzgünbozmalardan Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleriniň jogapkärdigini mälim etdi we BMG-na düzgünbozmalaryň bes edilmegi üçin gyssagly işe girişmegi barada çagyryş berdi.

Hamas bilen Ysraýylyň arasynda, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp tarapyndan teklip edilen meýilnama laýyklykda gazanylan ylalaşyk 10-njy oktýabrda güýje girdi.

Ylalaşygyň birinji tapgyry Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleriniň tapgyrlaýyn sebitden yza çekilmegini, ýesirleriň we tussaglylaryň çalşylmagyny we halka ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegini öz içine alýar.

Ysraýylyň iki ýyldan bäri Gaza guraýan hüjümlerinde 68 müňden gowrak palestinli ýogaldy, 170 müň adam ýaralandy we Gaza harabalyga öwrüldi.

 

 

Öwren
Kolumbiýa Karibdäki dartgynlyk sebäpli ABŞ bilen aňtaw maglumatlaryny paýlaşmagy bes etmegi buýurdy
Ukraina bilen Russiýa ýesir çalşygy boýunça Stambulda gepleşik geçirýär
Onlarça ýyl tussaglykda bolan Hannibal Kaddafi kepillik bilen boşadyldy
Ysraýyl bilen gatnaşyklaryň kadalaşdyrylmagy häzirlikçe mümkin däl
Yrakda parlament saýlawy geçirilýär
Ysraýyl tarapyndan Liwana guralan hüjümde 1 adam ýogaldy
Ysraýyl ýaraşyk ylalaşygyna garamazdan, Gazadaky palestinalylaryň öýlerini ýumurdy we Han Ýunusa hüj
Ysraýylyň Ofer tussaghanasynda tussaglylar "betbagtçylykly" derejede rehimsizlige duçar bolýarlar
ABŞ-da hökümetiň ýapylmagy uçar saparlaryny bökdeýär
Al Şara Halkara pul gaznasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Wengriýanyň premýer-ministri Waşington bilen “maliýe galkany” ylalaşygyny baglaşandyklaryny aýtdy
Hamas Gazanyň Rafah şäherindäki çaknyşyklar üçin Ysraýyly aýyplaýar: "Biz boýun egmeris"
Lawrow Ukraina meselesi boýunça Rubio bilen ýüzbe-ýüz duşuşmaga taýýar
Şara Tramp bilen duşuşmak üçin ABŞ-a gitdi
ABŞ Günorta Afrikada geçiriljek G-20 sammitine gatnaşmaz
BMG: “Ysraýyl Gaza ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegini bökdemäge dowam edýär”
Türkiýe Netanýahu bilen birlikde 36 adamyň tussag edilmegi barada karar kabul etdi
Şwesiýa bilen Ukraina goranmak senagaty boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk eder
Eýranyň prezidenti ýagyş ýagmasa, Tähranyň ilatynyň ewakuasiýa mejbur boljakdygyny aýtdy
Siriýanyň Prezidenti we Içeri işler ministri BMG-nyň sanksiýa sanawyndan çykaryldy