MEDENIÝET
1 minut okamak
"18-nji TRT Halkara Dokumental Film Baýraklary" üçin ýüz tutmalar başlady
Ýüz tutmalary 2027-nji ýylyň 19-njy martyna çenli "www.trtbelgesel.com" web sahypasy arkaly amala aşyryp bolýar.
"18-nji TRT Halkara Dokumental Film Baýraklary" üçin ýüz tutmalar başlady
"18-nji TRT Halkara Dokumental Film Baýraklary" üçin ýüz tutmalar başlady

Dokumental kinonyň ösmegine goşant goşmak we dürli ýurtlardan ökde önümleri halkara tomaşaçylara ýetirmek üçin geçirilýän 18-nji TRT Halkara Dokumental film baýraklary üçin ýüz tutmalar başlandy.

TRT-niň beren beýanatyna görä, höwesjeň we professional önüm öndürijileri höweslendirmegi maksat edinýän bäsleşige gatnaşmak üçin ýüz tutmalary 2027-nji ýylyň 19-njy martyna çenli "www.trtbelgesel.com" web sahypasy arkaly amala aşyryp bolýar.

Bäsleşige ýüz tutmalaryň talaplaryna laýyk gelýän dokumental filmler, şeýle hem pikir we hekaýa tapgyrynda bolan we heniz önümçilik tapgyryna ýetmedik taslamalar gatnaşyp biler. Gatnaşmak mugt we işler dört kategoriýada netijelendirilýär: Halkara kategoriýasy, Milli hünärmen kategoriýasy, Milli talyp filmleri kategoriýasy we Taslama goldaw kategoriýasy.

Bäsleşigiň ähli ugurlary boýunça jemi 12 baýrak gowşurylar.

Ýüz tutma, netijelendirme tapgyry we baýraklar barada jikme-jik maglumatlary "www.trtbelgesel.com" web sahypasyndan tapyp bilersiňiz.