Demirgazyk Karolina ştatynda kiçi uçaryň heläkçilige uçramagy sebäpli ozalky tanymal ýaryş sürüjisi bilen birlikde 7 adam ýogaldy.
Mesele hakynda penşenbe güni AFP habarlar gullugyna berlen beýannamada “Uçarda jemi 7 adam bardy. Uçar heläkçiliginden halas bolan bolmady” diýildi.
Ştatyň İçeri işler müdürligi bolsa, uçaryň uçandan gysga wagtda soň uçmakdan ýüz öwürendigini we yzyna dolanyp gelýärkä heläkçilige uçrandygyny habar berdi.
Kiçi uçar Şarlotty şäheriniň demirgazygynda ýerleşýän Stateswille howa menzilinden uçupdy.
Uçar heläkçiliginde NASCAR-yň ozalky sürüjilerinden Greg Biffle we aýaly Kristin Grosso Biffle we iki çagasy bilen birlikde 7 adamyň ýogalandygy nygtaldy.
Maşgalanyň ýakyn dostu Respublikan partiýasynyň halk deputaty Riçard Hudson mesele hakynda sosial media arkaly beren habarnamasynda “Gregiň, Kristiniň we çagalarynyň ýogalmagy meni gaty gynandyrýar. Olar ynsanlara ýardam bermegi halaýan ýakyn dostlarymdy” diýdi.
Milli Transport howpsuzlygy geňeşi heläkçilik hakynda derňew işiniň gozgaljakdygyny mälim etdi.
İndi hepde 56 ýaşyny gutlajak Biffl 20 ýylyk karýerasynda 19 gezek Jup Series ýaryşynda ýeňiş gazandy.
Biffl 2023-nji ýylda NASCAR-yň iň gowy 75 sürüjisinden biri hökmünde yglan edilipdi.
Dikuçary bolan Gref Briff 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda başdan geçirlen Helen tupany mahaly Demirgazyk Karolinanyň günbatarynda galan adamlara dikuçary bilen uly kömek edipdi.









