ABŞ-nyň Eýran söweşinde 11 sany MQ-9 Reaper drony hatardan çykdy

Ýolbaşçylar ABŞ-nyň Eýranda gymmaty 330 million dollara barabar bolan 11 sany MQ-9 Reaper dronynyň hatardan çykarlandygyny mälim etdi.

By
ABŞ-nyň Eýran söweşinde 11 sany MQ-9 Reaper drony hatardan çykdy / AP

“CBS Nýusyň” berýän habaryna görä, ABŞ-nyň harby goşunynyň Eýrana garşy Ysraýyl bilen birlikde guraýan hüjümlerinde 11 sany MQ-9 Reaper drony hatardan çykdy. Söweşiň iň möhüm enjamlaryndan biriniň hatardan çykarylmagy ünsleri özüne çekdi.

Soňky günlerde ýene-de iki dron hatardan çykaryldy. Şeýlelikde jemi hatardan çykarlan dronlaryň sany 11-e ýetdi.

Hatardan çykarlan dronlaryň jemi gymmatynyň 330 million dollardan geçendigi nygtalýar.

MQ-9 Reaper dronlary maglumat toplamak, gözegçilik we takyk hüjüm operasiýalarynda ulanylýan dronlardan biridir.

Emma hünärmenler bu dronlaryň döwrebap howa goranyş ulgamlary bolan sebitlerde nyşana alynmagynyň has ýeňildigini nygtaýar.

Dronlar aslynda howa goranyşy çäkli bolan sebitlerde terrora garşy göreş operasiýalary üçin dizaýn edilen.

Dronlaryň tizligi takmynan sagatda 480 kilometre çenli baryp ýetýär.