Rus dronlary Odessa we Harkow şäherlerini nyşana aldy
Rus dronlarynyň Odessa we Harkow şäherine guran hüjüminde azyndan 3 adam ýogaldy.
Ukrainaly ýolbaşçylar düýn gije Odessa we Harkow şäherlerine guralan rus hüjümlerinde azyndan 3 adamyň ýogalandygyny habar berdi.
Odesanyň şäher häkimi Sergeý Lysak, Eýranda öndürlen uçarmansyz howa ulaglary bilen guralan hüjümiň ýangyna sebäp bolandygyny, hüjüm sebäpli käbir binalaryň ýykylandygyny we tebigy gaz turba geçirisine zeper ýetirlendigini aýtdy.
Lysak duşenbe güni beren beýannamasynda, ýurduň günortasynda ýerleşýän port şäheri Odessa guralan hüjümde 35 ýaşyndaky erkek adamyň ýogalandygyny, 19 ýaşyndaky gyz bilen iki adamyň hem ýaralanandygyny aýtdy.
Parahatçylyk gepleşiklerine garamazdan hüjümler dowam edýär
Harkow şäherine uçarmansyz howa ulagy bilen guralan hüjümde hem bir zenan bilen 10 ýaşyndaky çaganyň jesediniň tapylandygy habar berildi.
Mesele hakynda Telegramdan berlen habarnamada hüjümde 3 adamyň hem ýaralanandygy bellenildi.
Russiýa bir tarapdan YY jahan urşundan soň Ýewropada başdan geçirilýän iň gan döküşikli çaknyşygyň bes edilmegi maksady bilen ABŞ-nyň goldaw bermeginde geçirilýän gepleşiklere gatnaşýar, beýleki tarapdan bolsa Ukrainany bombalamaga dowam edýär.
Resmi Waşington üstümizdäki ýylyň ortasyna çenli söweşiň bes edilmegini isleýär.
Russiýa bilen Ukraina territoriýalaryň paýlaşylmagy meselsinde ylalaşyk gazanyp bilmeýär.
Russiýa Ukrainanyň gündogaryndaky Donesk sebitiniň dolulygyna gözegçiligine berilmegini talap edýär.