DÜNÝÄ
1 minut okamak
Kolumbiýada kömür käninde bolan partlamada dokuz adam ýogaldy
Howpsuzlyk duýduryşlary berlenden birnäçe hepde soň, Kolumbiýadaky kömür käninde metan gazy sebäpli bolan partlamada 9 adam ýogaldy
Kolumbiýada kömür käninde bolan partlamada dokuz adam ýogaldy
Kolumbiýada kömür käninde bolan partlamada dokuz adam ýogaldy

Kolumbiýanyň Milli Magdan Agentligi (ANM) Kundinamarka welaýatyndaky kömür käninde bolan partlamada dokuz adamyň ýogalandygyny habar berdi. Bu partlama, kömür käni bilen bagly töwekgelçilik duýduryşlary boýunça teklipleriň çap eilmeginden birnäçe hepde soň boldy.

Partlama "Carbonera Los Pinos" tarapyndan dolandyrylýan "La Ciscuda" käninde boldy; kärhana bilen aragatnaşyga geçmek entek mümkin bolmady.

Magdançylyk agentligi heläkçiligiň gazyň ýygnanmagy sebäpli bolandygynyň çaklanylýandygyny aýtdy we 9-njy aprelde geçirilen barlag wagtynda şahtanyň howpsuzlyk çärelerini güýçlendirmegini maslahat berdi. Agentlik şol barlaglaryň netijesinde metan ýaly agzlaryň howply bolup biljekdigini anyklady.

Agentlik: "ANM-iň barlaglarynda beren duýduryşyna görä, kömür gatlaklarynda metan ýaly gaz ýygnanmalary we kömür tozanynyň ýokary konsentrasiýalary anyklanylyp bilner" diýip habar beripdi.

Diri galan alty adam ýerli hassahanalarda bejergi astyna alyndy.