ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio Özbegistanyň Samarkand şäherinde Özbegistanyň Daşary işler ministri Bagtyýar Saidow bilen duşuşdy.
Marko Rubio X sosial media platformasyndan Özbegistan sapary barada beýanat berdi.
Rubio Saidow bilen Samarkantda duşuşandygyny we iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, şol sanda infrastruktura, älem, möhüm minerallar we C5+1 diplomatik platformasy arkaly alyp barýan işleri barada pikir alyşandyklaryny aýtdy.
Marko Rubio şeýle hem iki ýurduň we sebitiň abadançylygyny ýokarlandyrmak üçin işleýändiklerini nygtady.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Serjio Gor hem X hasabynda 300-den gowrak işewür liderleri bilen ABŞ-Merkezi Aziýa ykdysady hyzmatdaşlygynyň "indiki babyny ýazýandyklaryny" belledi.


















