DÜNÝÄ
4 minut okamak
Ysraýylyň Gazada ýüzlerçe palestinalynyň öldürilmegi sebäpli global reaksiýalar güýjeýär
Ysraýyl Gazada uly göwrümli hüjüme başlap, Palestin söweşljeň topary Hamas bilen iki aýlyk ylalaşygy bozup, Gaza uly göwrümli hüjüm başlatdy. Hüjümde azyndan 404 palestinaly öldürildi we 562 palestinaly ýaralandy.
00:00
Ysraýylyň Gazada ýüzlerçe palestinalynyň öldürilmegi sebäpli global reaksiýalar güýjeýär
Ysraýylyň Gaza Hüjümleri
19 Mart 2025

Ysraýyl bilen Palestinanyň söweşjeň topary Hamasyň arasyndaky ylalaşygyň göräýmäge asydalygy sişenbe ir säher Ysraýylyň goşunlarynyň Gazadaky pozisiýalara onlarça hüjüm guramagy sebäpli duýdansyz bozuldy.

Palestinanyň saglygy goraýyş resmileri ölenleriň sanynyň 400-den geçendigini we olaryň arasynda aýallaryň hem-de çagalaryň bardygyny beýan etdi. Ysraýyl operasiýanyň möhletsizdigini we giňelmegine garaşylýandygyny beýan edip, 17 aý bäri dowam edýän urşuň gaýtadan möwç almagyna bolan howatyrlanmalary artdyrdy.

Ysraýylyň ölümli hüjümine bildirilen reaksiýalar şeýle:

Türkiýe

Türkiýe palestinalylaryň köpçülikleýin öldürilmeginiň Netanyahunyň "genosid syýasatynyň" täze bir tapgyrydygyny beýan etdi.

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň resmi beýannamasynda:
"Ysraýyl halkara hukugy we umumy adamzat gymmatlyklaryny iň agyr derejede bozup, adamzadyň öňünde aç-açan äsgermezçilik edýär" diýilýär.

Beýannamada Ysraýylyň hüjümleriniň halkara parahatçylyk tagallalarynyň depgininiň güýçlenýän döwründe sebitleýin durnuklylyga howp salýandygy nygtaldy: "Şeýle agressiýa sebitiň geljegine howp salýar. Ysraýylyň täze zorluk tolkunyny döretmegi kabul ederlikli däl" diýilýär.

Ankara halkara jemgyýetçiligini Ysraýyla garşy açyk pozisiýa eýelemäge çagyrdy we Gaza ynsanperwer kömeginiň berilmegi hem-de hemişelik ýaraşyk üçin gyssagly çäre görülmelidigini nygtady.

Hamas

Hamasyň ýokary derejeli resmisi Izzet al-Rişk, arap we musulman ýurtlary bilen azatlygyň tarapynda durýan dünýä halklaryna:
Gazanyň halkyna garşy sionist genosid urşunyň täzeden başlamagyna garşy reaksiýa bildirmek üçin köçelere we meýdançalara çykmaga çagyrdy.

 "Netanyahu olara iýmit we derman iberilmegini gadagan etmek bilen çäklenmedi, Gazanyň çagalaryny uklap ýatyrka bombalap öldürdi" diýdi.”

Rişk Netanyahuň Gazadaky urşy täzeden başlamak baradaky kararynyň "basyp alnan ýerdäki tussaglary pida etmek we olara ölüm jezasyny bermek  hakyndaky karar" bolandygyny aýtdy.

Ol, dünýä liderlerini we töwellaçylary Ysraýylyň hereketlerini paş etmäge we Netanyahuny çaknyşygy täzeden başladandygy üçin jogapkärçilige çekilmäge çagyrdy: "Harby basyş we rehimsiz sionist agressiýa biziň halkymyzyň hem-de göreşimiziň ruhuny asla syndyryp bilmez" diýdi.

Palestinanyň Daşary işler ministrligi

Palestinanyň Daşary işler ministrligi Ysraýylyň Gazadaky parahat ilata edýän hüjümlerini: "Gazany täzeden dikeltmek üçin halkara tagallalary bökdemek we ýaraşygyň şertlerini berjaý etmezlik" diyip, häsiýetlendirdi.

"Syýasy çözgütler, asudalygy üpjün etmek, hüjümleri bes etmek we konfliktiň çözgüdi üçin täze syýasy perspektiwany açmak üçin iňňän möhüm" diýilýär.

Beýannamada; "Halkara jemgyýetçiligini bu agressiýanyň dessine bes edilmegi üçin açyk pozisiýa eýelemäge çagyrýarys we basybalyjylaryň ýurdundan göçürilmegi hakyndaky meýilnamalarynyň iş yüzüne geçirmegi meselesine ünsleri çekýäris" diýilýär.

Ýemen

Ýemeniň Husileri Ysraýylyň palestinalylara garşy täze hüjümlerine jogap hökmünde öz operasiýalaryny güýçlendirjekdiklerini we Gyzyl deňizde Ysraýyla degişli gämilere garşy hüjümleri täzeden başlamak babatda haýbat atdylar.

Husileriň iň ýokary syýasy geňeşinden berilen beýanatda:
"Sionist duşmanyň Gaza zolagyna edýän hüjümleriniň täzeden başlamagyny berk ýazgarýarys" diýilýär.

Beyanatda "Palestin halky bu göreşde ýeke galmaz, Ýemen öz goldawyny artdyrar we garşy çärelerini güýçlendirer" diýilýär.

Müsür

Müsüriň Daşary işler ministrligi Ysraýylyň pajygaly howa hüjümlerini 19-njy ýanwarda güýje giren ylalaşygyň "aç-açan bir bozulmagy" hökmünde häsiýetlendirdi.

Beýannamada, bu hüjümleriň sebitiň durnuklylygyna howp salýan "örän howply başlangyç" döredýändigi aýdylýar. Müsür Gaza ylalaşygy meselesinde Katar we ABŞ bilen bilelikde töwellaçylyk edipdi.

BMG

BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterriş Ysraýylyň Gazany bombalamagy sebäpli ýüzlerçe palestinalynyň, esasanam aýallaryň we çagalaryň ölmeginiň özüne agyr täsir ýetirendigini aýtdy.

BMG metbugat sekretarynyň orunbasary Farhan Hak beýanat berip, Guterreşiň: "Dessine hüjümleriň bes edilmegini talap edýäris, ynsanperwer kömek bökdelmezden gaýtadan üpjün edilmeli we galan ýesirler boşadylmaly" diýendigini aýtdy.

BMG-niň adam hukuklary düzüminiň ýolbaşçysy Wolker Turk hem Ysraýylyň Gazadaky soňky howa hüjümleriniň "betbagtçylyga betbagtçylyk goşjakdygyny" aýdyp, gabaw astyndaky zolakdaky "pajydaly" şertleriň dessine kadalaşmalydygyny nygtady.

Turk, soňky 18 aý bäri dowam edýän elhenç basyşyň "bu krizisiň harby ýol bilen çözgüdiň ýokdugyny" aç-açan görkezendigini we halkara hukugyň çäklerinde syýasy çözgüdiň ýeke-täk çykalga bolandygyny aýtdy.

Russiýa

Russiýa Gazadaky Ysraýylyň hüjümleriniň güýjemeginiň şertleri hasam agyrlaşdyryp biljekdigini beýan etdi.

Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow Moskwada beren beýannamasynda:
"Bu hüjümler şertleriň hasam agyrlaşmagyna sebäp bolup biler, bu bolsa bizi aladalandyrýar" diýdi.

Peskow Moskwanyň mesele bilen örän ýakyndan gyzyklanýandygyny we şertleriň kadalaşmagyna garaşýandyklaryny beýan etdi.

Malta

Maltanyň premýer-ministri Ysraýylyň Gazadaky "wagşyçylykly" hüjümlerini berk ýazgardy.

Robert Abela duşenbe güni gije Gaza guralan güýçli howa hüjümleriniň 300-den gowrak adamyň, esasanam aýallaryň we çagalaryň ölmegine sebäp bolandygyny aýtdy.

"Maltanyň hökümetiniň adyndan bu wagşyçylykly hüjümleri berk ýazgarýaryn" diýdi.

Abela şeýle hem: "Men Gazadaky, Ukrainadaky we başga ýerlerde edilýän parahatçylyk tagallalaryna aýratyn üns çekmek isleýärin" diýip belledi.

Öwren
Ysraýyl ýaraşyk ylalaşygyna garamazdan, Gazadaky palestinalylaryň öýlerini ýumurdy we Han Ýunusa hüj
Ysraýylyň Ofer tussaghanasynda tussaglylar "betbagtçylykly" derejede rehimsizlige duçar bolýarlar
ABŞ-da hökümetiň ýapylmagy uçar saparlaryny bökdeýär
Al Şara Halkara pul gaznasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Wengriýanyň premýer-ministri Waşington bilen “maliýe galkany” ylalaşygyny baglaşandyklaryny aýtdy
Hamas Gazanyň Rafah şäherindäki çaknyşyklar üçin Ysraýyly aýyplaýar: "Biz boýun egmeris"
Lawrow Ukraina meselesi boýunça Rubio bilen ýüzbe-ýüz duşuşmaga taýýar
Şara Tramp bilen duşuşmak üçin ABŞ-a gitdi
ABŞ Günorta Afrikada geçiriljek G-20 sammitine gatnaşmaz
BMG: “Ysraýyl Gaza ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegini bökdemäge dowam edýär”
Türkiýe Netanýahu bilen birlikde 36 adamyň tussag edilmegi barada karar kabul etdi
Şwesiýa bilen Ukraina goranmak senagaty boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk eder
Eýranyň prezidenti ýagyş ýagmasa, Tähranyň ilatynyň ewakuasiýa mejbur boljakdygyny aýtdy
Siriýanyň Prezidenti we Içeri işler ministri BMG-nyň sanksiýa sanawyndan çykaryldy
Demirgazyk Koreýa balistiki raketa synagyny geçirdi
Sudan RSF-den ar alar
Tramp Waşingtonda Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň liderleri bilen duşuşyk geçirer
Russiýa: Putin-Tramp sammitiniň şertleri entek ýerine ýetirilmedi
Ysraýyl Günbatar Şeria guraýan hüjümlerini artdyrýar
Britaniýada 25 müňden gowrak adam Ysraýylyň halkara futboldan çetleşdirilmegine goldaw berdi