DÜNÝÄ
2 minut okamak
Ysraýylyň Liwanyň günortasyna guran hüjüminde 4 adam ýogaldy
Nebatiýe etrabynda bir ulaga guralan hüjümde golaýdaky ýaşaýyş jaýlaryna zeper ýetirildi, birnäçe adam hem ýaralandy.
Ysraýylyň Liwanyň günortasyna guran hüjüminde 4 adam ýogaldy
Ysraýylyň Liwanyň günortasyna guran hüjüminde 4 adam ýogaldy
2 Noýabr 2025

Liwanyň Saglygy goraýyş ministrligi ýekşenbe güni Ysraýylyň Liwanyň günortasyna guran howa hüjüminde 4 adamyň ýogalandygyny we 2 adamyn ýaralanandygyny mälim etdi. Beýannamada Ysraýylyň ylalaşygy bozandygy nygtaldy.

Resmi Milli habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Ysraýyla degişli uçarmansyz howa ulagy şenbe gijesi Nebatiýa etabyndaky Doha-Kafarman ýolunda barýan bir ulagy nyşana aldy.

Nyşana alynan ulagdaky 4 adamyň ýogalandygy, ýoldan geçip barýan 2 adamyň hem ýaralandygy bellenildi.

Ysraýylyň hüjümi sebäpli ýolyň golaýyndaky onlarça ýaşaýyş jaýynyň aýnasynyň döwlendigi bellenildi.

Ysraýylyň harby goşuny hüjümde Hizbullahly serkerdeleriň nyşana alynandygy öňe sürdi.

Soňky hepdelerde Liwan-Ysraýyl serhedindäki dartgynlyk möjeýär.

Ysraýyl 2024-nji ýylyň noýabr aýynda gazanylan ylalaşyga garamazdan Liwanyň günortasyna howa hüjümini guramaga dowam edýär.

Ysraýylyň Goranmak ministri Katz, X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda, Liwanyň Prezdidentiniň Hizbullahyň ýaragsyzlandyrylmagy üçin herekte geçmekde gijä galandygyny aýtdy.

Katz “Hizbullah ot bilen oýnaýar” diýdi we topar doly ýaragsyzlandyrylman halatynda hüjümleriň güýçlenmek bilen dowam etjekdigini aýtdy.

Liwan we Hizbullah tarapyndan Katzyň beýannamasy hakynda hiç hili garaýyş beýan edilmedi.

Ysraýylyň harby goşuny Liwana garşy 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda başlan we 2024-nji ýylyň sentaýbr aýynda göwrümi giňän hüjümlerinde 4 müňden gowrak adamy öldürdi, 17 müň adamy hem ýaralady.

Ylalaşyga laýyklykda Ysraýylyň harby goşunynyň ýanwar aýynda Liwanyň günortasyndan dolulygyna yza çekilmegine garaşylýardy, emma Ysraýyl diňe bilekleýin sebitden çekildi.

 

 

Öwren
Al Şara Halkara pul gaznasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Wengriýanyň premýer-ministri Waşington bilen “maliýe galkany” ylalaşygyny baglaşandyklaryny aýtdy
Hamas Gazanyň Rafah şäherindäki çaknyşyklar üçin Ysraýyly aýyplaýar: "Biz boýun egmeris"
Lawrow Ukraina meselesi boýunça Rubio bilen ýüzbe-ýüz duşuşmaga taýýar
Şara Tramp bilen duşuşmak üçin ABŞ-a gitdi
ABŞ Günorta Afrikada geçiriljek G-20 sammitine gatnaşmaz
BMG: “Ysraýyl Gaza ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegini bökdemäge dowam edýär”
Türkiýe Netanýahu bilen birlikde 36 adamyň tussag edilmegi barada karar kabul etdi
Şwesiýa bilen Ukraina goranmak senagaty boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk eder
Eýranyň prezidenti ýagyş ýagmasa, Tähranyň ilatynyň ewakuasiýa mejbur boljakdygyny aýtdy
Siriýanyň Prezidenti we Içeri işler ministri BMG-nyň sanksiýa sanawyndan çykaryldy
Demirgazyk Koreýa balistiki raketa synagyny geçirdi
Sudan RSF-den ar alar
Tramp Waşingtonda Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň liderleri bilen duşuşyk geçirer
Russiýa: Putin-Tramp sammitiniň şertleri entek ýerine ýetirilmedi
Ysraýyl Günbatar Şeria guraýan hüjümlerini artdyrýar
Britaniýada 25 müňden gowrak adam Ysraýylyň halkara futboldan çetleşdirilmegine goldaw berdi
Nýu-Ýorkuň taryhyna adyny ýazdyran ýaş musulman dalaşgär: Zohran Mamdani
Ghazala Haşmi ABŞ-da ştat derejesindäki wezipä saýlanan ilkinji musulman amerikaly zenan boldy
Bosniýada garrylar öýünde bolan ýangynda 10 adam ýogaldy, 20 adam ýaralandy